«Kenardaky» döwrebap işler
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dünýäniň iň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar. Bu ýere turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowuşýan nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzinleri, awiasiýa we tehniki kerosinler, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary, başga-da ençeme nebit we nebithimiýa önümleri taýýar harytlyk görnüşine getirilýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen dokuz aýynda topluma gelip gowşan çig nebitiň ählisi diýen ýaly gaýtadan işlenildi. Kärhanada taýýarlanylýan önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemekde gazanylýan oňyn netijelerde toplumyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti hasam uludyr. Geçen hasabat döwründe «Kenar» kärhanasyndan müşderilere ugradylan nebit önümleriniň umumy möçberi üç million tonna barabar boldy. Şonça taýýar harytlyk önümleriň deň ýaryna golaýy dünýä bazarlaryna, galan möçberi bolsa içerki bazarlara ugradyldy. Bu ýerden taýýar nebit önümleri ýüklenen gämilerdir otlular deňiz we polat ýollar arkaly dünýäniň Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan, Ukraina ýaly döwletlerine tarap ýola düşýär.
Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde bu ýerde ozaldan hereket edýän gämi duralgalarynda abatlaýyş, enjamlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilýär. Kärhanada häzirki wagtda ýük göterijiligi bäş müň tonna barabar bolan tankerler bökdençsiz kabul edilýär. Ýakyn wagtlarda bu ýerde täze, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän gämi duralgasyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Üç ýyla golaý wagt mundan öň bu kärhananyň düzüminde Dury nebit önümlerini guýmak we dökmek üçin awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasynyň gurlup, işe girizilmegi hem zawodlar toplumyndaky täzelenişiň mynasyp dowamat tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan bu desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Goýberiş-sazlaýyş işleri ýokary derejede awtomatlaşdyrylan bu desgasynyň ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna dury nebit önümlerini sarp edijilere bökdençsiz ýükläp ugratmaga barabardyr.
Dury nebit önümlerini guýmak we dökmek üçin awtomatlaşdyrylan bu demir ýol estakadasynda nebit önümleri demir ýol çeleklerine görnüşleri boýunça bellenilen mukdarda guýulýar we olaryň her biriniň agramy elektron terezi arkaly ölçenip, degişli resminamalar sarp edijileriň salgylary hem-de ugurlary boýunça awtomatlaşdyrylan usulda resmileşdirilýär. Bu ýerde çeleklere önüm guýlanda emele gelýän buglary tutup ýygnamagyň hasabyna her ýylda 300 tonnadan gowrak benziniň ýitgisiniň, şonuň bilen birlikde-de daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga doly mümkinçilik bar. Kämil desgada ýangyn dörän halatynda ony öz wagtynda anyklaýan we köpürjik arkaly awtomatik usulda söndürýän ulgam, abat däl çelekden dökülýän nebit önümini sorup, ýörite çana (gaplara) kowýan, şonuň ýaly-da çeleklere artykmaç önümiň guýulmagynyň öňüni alýan kämil enjamlar netijeli işledilýär. Hut şu artykmaçlyklaryň özem bu ýerde ýangyn we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, önümiň ýitgisiniň öňüni almaga, agyr el zähmetini aradan aýyrmaga hem-de önümçiligiň medeniýetini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda bitirilýän işler ýurdumyzdan daşarda hem uly ähmiýete eýedir. Kärhana ýükleri üstaşyr geçirmekligi hem üstünlikli ýola goýýar. Daşary ýurtlardan deňiz arkaly gelýän nebit önümlerini tankerlerden hiç bir ýitgisiz düşürip, demir ýol çeleklerine guýmak we olary niýetlenen ýurtlaryna üstaşyr geçirmek bökdençsiz amala aşyrylýar. Bu ýerde häzirki wagtda taýýar nebit önümleriniň gämilere ýüklenilýän iki sany nokady hereket edýär. Ýakyn geljekde şeýle möhüm nokatlaryň ýene birini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi kärhananyň işlerini has-da ilerletmäge aýgytly täsirini ýetirer. Şeýle möhüm kärhanada halal zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin desganyň işçi-gullukçylarydyr inžener-tehniki işgärleri Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.