Türkmen talyplary üçin bäş ders boýunça onlaýn görnüşde olimpiadalar geçiriler
Şu ýylyň 15-nji noýabryndan 20-nji noýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda onlaýn görnüşde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin birbada bäş ders boýunça olimpiadalary guraýar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Ykdysadyýet, filosofiýa, häzirkizaman türkmen jemgyýeti, hytaý dili, ýöriteleşdirilen iňlis dili boýunça olimpiadalar geçiriler. Talyplar öz isleglerine görä, bir ýa-da birnäçe olimpiada gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw jaýyndan bäsleşige gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.
Ol ýa-da beýleki ders olimpiadasynyň meseleleriniň çylşyrymlylgy talyplaryň ýokary okuw mekdebindäki ugruna bagly bolar. Mysal üçin, ýöriteleşdirilen iňlis dili boýunça olimpiada gatnşaýanlar üç topara bölüner. Birinji toparda tehniki, ikinjide – ynsanperwer, üçünjisinde – ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan bilim alýanlar gatnaşarlar. Hytaý dili dili boýnça olimpiada gatnaşjaklar iki topara – dersi öwrenmäge ýöriteleşen we hytaý dili esasy ugry bolmadyklar toparlaryna bölüner.
Olimpiadalaryň hersi 1 tapgyrda, bir günde geçiriler. Olimpiadalaryň resmi dili - türkmen we rus dilleridir. Aň-paýhas bäsleşiginiň netijesii 20-nji noýabrda jemlener.
Olimpiadalara gatnaşmaga dalaşgärler olary guraýan uniwersitetiň iuhd.edu.tm resmi saýtynda hasaba durup bilerler. iuhdolympiads@gmail.com elektron poçtadan HYYweÖU-niň wekilleri bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat alyp bolar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin güýzki olimpiadalaryň birinji tapgyry Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň howandarlygynda şu ýyl geçirildi. Jemi üç - hytaý dili, ykdysadyýet we filosofiýa ugurlaryndan olimpiadalar guraldy. Şu ýyl aň-paýhas bäsleşikleri has köp dersden geçrilip ugrady we ol her ýyl guralýan çärä öwrüldi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.