Gazagystanyň ajaýyp şäherleri
Ýurdumyzyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Gazagystan Resbuplikasy taryhy ajaýyplyklary, tebigy täsinlikleri, myhmansöýerligi, lezzetli naharlary, milli däp-dessurlary bilen geleni haýrana galdyrýar. Ýurduň terretoriýasynda 48 müň uly-kiçi köl ýerleşip, dünýä jahankeşdeleriniň üns merkezinde orun alýan ülkelerden biri hökmünde tanalýar. Gazagystan Respublikasynyň dillere dessan şäherlerine gaýybana syýahat edeliň!
Ilki bilen ýurduň öňki paýtagt şäheri bolan Almata şäheri bilen tanyşalyň. Dünýä jahankeşdeleriniň bellemegine görä Almata şäheri esasan gyş pasyllary köp syýahatçylary kabul edýär. Şäheriň çäginde ýerleşýän uly “Almata köli” Almatanyň gymmatly hazynalarynyň biri hasaplanýar. Mundan başga hem şäheriň çäginde 16 milliondan köp düýp agajynyň gök öwsüp oturmagy ekologiki taýdan arassalyga we daş-töweregiň owadanlygyň nyşany bolup durýar. Şähere gezelenje giden wagtymyz baryp görmeli esasy ýerleriň hatarynda Merkezi muzeý, Ascension buthanasy, Respublika meýdançasy, Panfilow parky orun alýarlar.
Ýurduň iň uly ikiniji şäheri we häzirki wagtda ülkäniň paýtagty hasaplanýan, ýurduň ilkinji prezidentiniň adyny göterýän Nur-Soltan şäheri köne ady bilen Astana diýlip tanalýan bu şäher taryhy aýratynlygy we döwrebaplygy bilen ünsi özüne çekmegi başarýar. 1998-nji ýylda ýurduň paýtagty diýlip bellenen bu şäheriň çäginde 1 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Şäheriň öňki ady Astana gazakçadan terjime edeniňde “Paýtagt” diýmegiň aňladýar. Şäheriň çäginde ýerleşýän “Astana opera” binasy 2013-nji ýylda açylyp dünýäniň iň uly ikinji opera binasy hökmünde tanalýar. Gyş aýlarynda sowklugy bilen bilinýän bu şäher dünýäde iň sowuk bolýan ikinji şäher hasaplanýar. Mundan başgada şäherde binagärlik aýratynlygy bilen üns çekýän “Hezreti Soltan metjidi”, “Nur Astana metjidi”, “Parahatçylyk köşgi”, “Halkara muzeý” ýaly binalar ýerleşýär.
Ýurduň 3-nji uly şäheri Şymkent bolup, onuň köne ady “Çernyaýewdir”. 1924-nji ýylda Şymkent adyna eýe bolan bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň kenarynda ýerleşen taryhy şäherleriň biri hasaplanýar. Şäheriň adyny terjime edenimizde “Şym” – ýerde gögeren otlar, “kent” – şäher merkezi diýmegi aňladýar. Şäheriň çäginde jahankeşdeleri taryhy hem-de döwrebaplygy bilen özüne çekýän merkezler ýerleşendir. Olaryň hatarynda ilki bilen “Al-Faraby mowzeleýi”, Merkezi parky, Ýeňiş parky, Taryhy muzeýi ýer alýar.
Laçyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.