Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty öz işine başlady
Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty öz işine başlady. Bu forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Her ýylky maslahat Türkmenistanda eýýäm ikinji ýyl garyşyk görnüşde — ýagny, däp bolan hem-de pandemiýa sebäpli halkara gatnawlaryna çäklendirmeler bilen bagly onlaýn görnüşde geçirilýär. Şonuň üçin hem dünýäniň 32 döwletinden 100-e golaý kompaniýalaryň, halkara guramalarynyň we iri banklaryň wekilleri maslahata onlaýn görnüşde gatnaşýar. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna gyzyklanma bildirýändiklerini aňladýar.
Umuman, maslahat 150-den gowrak halkara kompaniýalarynyň, şol sanda CNPC, PETRONAS, ЛУКОЙЛ, DRAGON OIL, SOCAR, ARETI International Group, Yug-Neftegaz Private Limited ýaly iri energetika ägirtleriniň, şeýle hem energetika guramalarynyň wekillerini, iri halkara maliýe institutlarynyň wekillerini jemleýär. Maslahatyň işine 400-den gowrak adam gatnaşýar.
Forumyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Soňra energoulgamyň geljegine bagyşlanan plenar mejlis geçirildi. Bu bölümde «Türkmengaz» DK-nyň başlygy, Döwlet ministri Batyr Amanow esasy hasabat bilen çykyş etdi. Onlaýn görnüşde şu gün Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Barkindo, Ýewropa energetika hartiýasynyň sekretarlygynyň baş sekretary Urban Rusnak, Halkara energetika merkeziniň energetika boýunça baş ykdysatçysy Tim Guld, CNPC-niň prezidenti Hou Siszýun, Socar Trading SA-nyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszade çykyş edýär.
Iki günlük forumyň çäklerinde milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýokary ýolbaşçylarynyň, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy nebit kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda prezentasiýalar we panel gepleşikleri geçiriler.
Aýratyn sessiýalaryň barşynda maslahata gatnaşyjylar şu gün nebitgaz toplumynyň maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar, gury ýerlerde maýa goýum taslamalaryna berlen synlary diňlärler.
Ertesi gün Dubaýda (BAE) geçirilýän "EXPO-2020" Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar bilen teleköpri gurnalyp, onuň barşynda tebigy gazyň ulanylyşynyň, pes uglerodly energetika geçmegiň çäklerinde energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň geljegi maslahatlaşylar.
Şeýle hem onlaýn görnüşde daşary ýurt we türkmen nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň işewür duşuşyklary geçiriler.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.