Kaşaň öýli — bagtdan paýly
Täze döreýän maşgala üçin özbaşdak öýli bolmak iň bir möhüm meseleleriň biridir. Ýurdumyzda ýaş maşgalalar giňden goldanylýar. Olara döwletimiz tarapyndan dürli ýeňillikler döredilýär. Şeýle oňyn çemeleşme maşgalanyň berk bolmagyna uly ýardam berýär.
— Ata Watanymyz eziz Türkmenistanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň yz ýanynda Türkmenabat şäherimizde uly ýaşaýyş jaý toplumy açyldy. Köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň birinden biziň maşgalamyza hem öý almak miýesser etdi. Bu şatlykly waka biziň baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy, göwün guşumyzy ganatlandyrdy — diýip, Atajan Altybaýew gürrüň berýär.
Gürrüňdeşimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginde baş hasapçynyň orunbasary bolup zähmet çekýär. Ol 2014-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini üstünlikli tamamlap, inžener-ykdysatçy hünärini ele aldy. Şondan bäri hem bu ýerde göreldeli zähmet çekip gelýär. Atajan geçen ýyllarda müdirlikde dürli wezipelerde yhlasly işledi, tejribe toplady. Özi-de özbaşdak okamagy, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi dowam etdirýär. Ol 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda kommersiýa arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyryş kursuny hem tamamlady. Hünärine kämilligi, başarjaňlygy oňa wezipe borçlaryny kemsiz-köstsüz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle başarjaň, ýaş hünärmenleriň bir topary suwuklandyrylan gaz öndürmek ýaly ýurdumyz üçin täze ulgamda yhlasly zähmet çekýär. Olaryň agzybirlikli işlemekleri netijesinde esasy bölegi eksporta niýetlenen suwuklandyrylan gazy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatyny öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolunýar.
Müdirlikde işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesi ünsden düşürilmeýär. Geçen ýyllarda Türkmenabat we Gazojak şäherlerinde müdirligiň işgärleriniň maşgalalary üçin otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan kaşaň jaýlaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenabat şäherinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy has giň gerime eýe boldy. Bu diýýänlerimize golaýda mele suwly Jeýhunyň kenarynda ýerleşýän şäherde, has takygy, Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 17-siniň, şeýle-de kottejleriň 70-siniň gurlup, maşgalalaryň 600-den gowragy üçin gapylaryny giňden açmagy hem aýdyň mysaldyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hemişe ezizleýän mähriban halky hakynda edýän deňsiz-taýsyz tagallalaryndan, «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk baş ýörelgesiniň giňden dabaralanýandygyndan habar berýär.
Hawa, şol gün halkymyzyň asylly däplerine eýerilip, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan öýlerde naz-nygmatly desterhanlar giňden ýazyldy. Olaryň başyna bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ynsanlary jem bolup, täze öýli bolanlaryň toý şatlyklaryny paýlaşdylar, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Atajandyr onuň gelni Laçynyň durmuşyndaky bu ýatda galyjy günde olaryň hossarlarynyň hem begençleriniň çägi bolmady. Her bir işde halkyň, ýurduň bähbidini ileri tutýan Gahryman Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler olaryň kalbyndan joşup çykdy.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.