Gümrük Gullugynyň kämil binýady

Her ýylyň 4-nji noýabrynda Ata Watanymyzyň ykdysady bähbitleriniň goragynda berk durýan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda özleriniň saldamly goşandyny goşýan Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet Gümrük Gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar, şonuň bilen birlikde olaryň şahsy jogapkärçiligi hem artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň Gümrük edaralarynyň işini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugy 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda döredilip, Türkmenistanyň Gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän, şeýle hem gümrük işleri bilen baglanyşykly kontrabanda we beýleki jenaýatlara, dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşi amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugy 1993-nji ýylda Bütindünýä Gümrük Guramasyna(WCA) agza boldy.
Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň hukuk esaslary hökmünde, Türkmenistanyň Gümrük Gullugy hakyndaky Kanunçylygy, Türkmenistanyň Konstitutsiýasy we Türkmenistanyň Gümrük Kodeksi hem-de Gümrük Gullugynyň işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan ybaratdyr.
Gümrük gullugy öz işinde kanunylyk, raýatlaryň kanunyň öňünde deňligi, halakara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi, mertebesine hormat goýulmagy ýörelgelerinden ugur alýar.
Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň işini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guramaga, Gümrük Gullugy ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga we has hem kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri berýär. Gümrük gözegçiligi üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreler harby gullukçylaryň iş tejribesiniň barha artmagyny üpjün edýär.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halakara gatnaşyklary institutynyň Halkara Hukugy fakultetiniň talyby.

Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.