Ýurdumyzyň suw baýlyklary
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, suw gorlarymyzdan aýawly peýdalanmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň çägindäki şor suwlary Balkan welaýatynyň çägindäki Garaşor çöketligine ýygnamaga we bu suwuň şoruny aýryp, peýdaly ulanmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bu kölde balykçylygy ösdürmek, kenarynda maldarçylyk we dürli önümçilik toplumlaryny döretmek işleri alnyp barylýar. Hormatly
Prezidentimiziň kölüň kenarynda täze obanyň we önümçilik toplumynyň düýbüni tutup bermegi bu sebitde täze medeni zolaklaryň emele gelmegini hem esaslandyrar.
Häzirki döwürde deňizleriň we derýalaryň suwlaryny süýjedip, olary agyz suwy we halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin peýdalanmak giň gerime eýe boldy. Bu ugurda barha amatly tehnologiýalar oýlanyp tapyldy. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde, beýleki ilatly zolaklarynda suw süýjediji desgalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyz barada edýän aladasynyň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işleriniň bir ülşüdir.
Didar USSANEPESOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.