Habarlar

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylara

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2222/original-1618b7cff0c1cf.jpeg

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size onlaýn görnüşde global internet ulgamynyň üsti bilen geçirilýän bu pudaklaýyn halkara maslahatyň dowamynda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda, dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk esasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Garaşsyz Watanymyzda dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine hem-de innowasiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Hormatly halkara onlaýn maslahata gatnaşyjylar!

Hormatly myhmanlar!

Halklaryň medeni-ykdysady taýdan ýakynlaşmagy, döwletleriň durnukly ösmegi bilen bagly möhüm wezipeleri çözmekde, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatynyň ähmiýeti uludyr. Bu halkara onlaýn maslahata telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt guramalarynyň, kompaniýalarynyň we işewürleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmenistan öz çäginden halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Garaşsyz Watanymyz işjeň, netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine ygrarly bolmak bilen, ähli ulgamlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýan döwletleriň hataryna goşulýar hem-de dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär. «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar.

Onlaýn maslahatyň geçýän döwründe öňden dowam edip gelýän hoşniýetli, dostlukly, birek-birege peýdaly gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegi bilen aýrylmaz bagly bolan gaýragoýulmasyz meseleleriň çözgütlerini tapjakdygyňyza ynanýaryn.

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary, täze tehnologiýalary, ylmy açyşlary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16970f2b623890.jpeg
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady

«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.


169746e13a32cd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


1696b681e45652.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady

16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

169620682e5208.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda nebitgaz toplumynyň işi boýunça meýilnamalary makullady

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.


1695e1019cc5fe.jpeg
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.