Makalalar

“Türkmentel — 2021” halkara maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2253/original-1618fd1d8ec59d.jpeg

Paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahatyna ýygnananlar, şeýle hem daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-enjamlaýyn, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler we iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar, bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmentel — 2021” halkara onlaýn maslahatyň halklaryň medeni-ykdysady taýdan ýakynlaşmagy, döwletleriň durnukly ösmegi bilen bagly möhüm wezipeleri çözmekdäki, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekdäki, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekdäki ähmiýetini nygtap, bu forumyň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmakda, gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde, özara bähbitli taslamalary, täze tehnologiýalary, ylmy açyşlary ara alyp maslahatlaşmakda möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdi.

Sanly ykdysadyýet, kanunçylygy rejelemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan umumy mejlisiň barşynda ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň, abraýly guramalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, işewürler çykyş etdiler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň, Bütindünýä Poçta Birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça Sebit hyzmatdaşlygynyň, GSM assosiasiýasynyň, Sanlary we domen atlaryny pugtalandyrmak boýunça internet korporasiýasynyň (ICANN) hem-de beýleki iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumatlar we ony goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Gazanylan üstünlikleriň arasynda Türkmenistanyň özüniň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy guwandyryjy wakadyr. Netijede, ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp görkezmäge şert döredýär. Ondaky iň täze enjamlar multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ikinji milli emeli hemrany döretmek hem-de uçurmak boýunça işler durmuşa geçirilýär.

Maglumatlary bermegiň ösen ulgamynyň bolmagy elektron telekeçiligi, elektron resminama dolanyşygy hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitindäki esasy ulgam hökmündäki ösüşiniň esasy ugurlaryny däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny hem kesgitleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň 8-si hereket edýär. Gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, sebitde söwda-ykdysady hem-de maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň ygtybarly we howpsuz işlemegini üpjün eder.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryny baş ýörelge edinýän syýasaty durmuşa geçirýän türkmen hünärmenleri telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge aýratyn üns berýärler. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň ilatyny döwrebap hyzmatlar bilen üpjün etmäge däl, eýsem, sebitde maglumatlary ibermekde möhüm üstaşyr ulgam hökmündäki ornuny hem pugtalandyrar.

Aýjemal ÖWEZNEPESOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.