Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde täze kabul edilen kanunlara garaldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisinde 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy. “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksatlary, usullary we tertibi kesgitlenildi. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminamanyň möhümdigi bellenildi.
“Poçta aragatnaşygy hakynda” täze Kanuny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň çäginde bu ugurda işleriň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitlejek resminamanyň poçta hyzmatlaryny özgertmäge, täze düzgün-kadalary kesgitlemäge, hyzmatlaryň hiline hem-de olaryň berjaý edilmegine gözegçiligi ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi beýan edildi.
Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan we kabul edilen “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi) Kanunyň ähmiýeti nygtaldy. Ol degişli ugurda işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanunyň maksady döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemek, ykdysadyýeti ösdürmek üçin kadastr maglumatlaryny peýdalanmak, ýer böleklerine hukuk kepilliklerini üpjün etmek, ýerleri netijeli peýdalanmak, dikeltmek we aýawly saklamak bolup durýar.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanuna seretdiler. Bu resminama döwlet daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Bu Kanun ýurdumyzdaky daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy (ýaşamagy) hem-de zähmet çekmegi, telekeçilik ýa-da başga işi amala aşyrmagy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Mejlisiň dowamynda “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Kanun makullanyldy. Bu ylalaşyk 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde kabul edildi hem-de täze ykdysady nukdaýnazary goldamak we ýaýratmak arkaly ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösmegine ýardam hökmünde Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmegiň esasy maksadyny kesgitledi. Şu nukdaýnazardan, ýaşyl ösüşe ykdysady ösüşiň hem-de ekologik durnuklylygyň sazlaşykly depgini hökmünde garalýar.
Şunuň bilen bir hatarda Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Kanunlara, şeýle hem Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Kanunlara seredildi. Olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösdürilmegine, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanan ynsanperwer ugruň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisiniň garamagyna girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy, olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.