Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
13-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zähmetkeşleriň hormatlanylmagy ýurdumyzda tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji noýabrynda Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynda zähmetde tapawutlanan we uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Paýtagtymyza ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Bezelen sahnada Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany okaldy. Çykyş edenler oba hojalyk toplumyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň strategik pudagyny kämilleşdirmek, oba zähmetkeşleriniň abadançylygyny ýokarlandyrmak, mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň özygtyýarly ösüşiniň her ýyly ýurdumyzyň ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýän syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär.
Dabara gatnaşyjylar uly buýsanç hem-de tolgunma bilen sylaglary kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz işlerine beren ýokary bahasy, pudagyň işgärleri barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Günüň ikinji ýarymynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Hasyl toýy mynasybetli bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren zähmetkeşleri, mehanizatorlary we pudagyň tejribeli işgärlerini sylaglamak, olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ekerançylarynyň oba hojalyk ekinleriniň, ilkinji nobatda bolsa, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändigi bellenildi. Oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, oba hojalyk önümleriniň eksportyny yzygiderli artdyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Ýygnananlar oba zähmetkeşleri barada edýän aladasy, ekerançylaryň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze zähmet ýeňişleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.