Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde iş maslahatyny geçirdi

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzir iri halkara çäreleriň, dünýä ähmiýetli forumlaryň geçirilýändigini nazara alyp, günbatar sebitde dürli maksatly gurluşyklaryň dowam etdirilmelidigine ünsi çekmek bilen, şu ýylyň awgust aýynda bu ýerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, milli önümleriň halkara sergisiniň, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň ýokary derejede geçirilendigini belledi.
Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda ulag-logistika düzüminiň desgalary guruldy. Olar halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Bu babatda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna möhüm orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzyň sebitde üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa gönüden-göni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen gadymy döwürlerde ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hazaryň kenarynda dynç alyş we saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümler bilen bir hatarda ýurdumyz we tutuş sebit üçin ykdysady taýdan bähbitli desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu işlere işjeň gatnaşýarlar. Olaryň taýýarlan taslamalaryna laýyklykda bina edilýän desgalar halkara ölçeglere kybap derejede enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa halkara çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýär.
Hazaryň kenary tutuş sebit we halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň, forumlaryň, dürli derejedäki festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Milli Liderimiz munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlyga sebitiň goşulyşmagyna täze itergi berýär diýip belledi we bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde häzirki zaman köpugurly hassahananyň gurulmagynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň öz saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň lukmanlarynyň tejribe toplamagyna giň ýol açar. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy toparlary ýurdumyzyň ygtybarly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlarydyr.
Döwlet Baştutanymyz bu hassahananyň häzirki zamanyň iň täze, kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginiň, onda işlejek lukmanlaryň ýokary hünär derejesine eýe bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki hassahanalarynda tejribe geçmegini, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ýola goýmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitiniň toplumlaýyn ösdürilýändigine ünsi çekip, täze köpugurly hassahananyň saglygy goraýyş babatda halkara derejeli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz maslahaty jemläp, adamlaryň abadan durmuşy hakyndaky aladanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy
23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.