Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça giň gerimli işler geçirýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we gös-göni gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek boýunça giň gerimli işler geçirýär. Diňe Diýarymyzyň şäherlerinde däl-de, eýsem, obalarda hem dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpugurly stadionlar we sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol we tennis meýdançalary guruldy.
Paýtagtymyzyň bezegine we buýsanjymyza öwrülen Olimpiýa şäherjiginiň bolsa sebitde deňi-taýy ýokdur. Toplumyň ähli desgalary özboluşly bezeg keşbi bilen tapawutlanýar, onuň esasy nyşany – baş meýdanyň depesinde seleňläp görünýän bedewiň çeper—monumental keşbi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Ýurdumyzda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilýär. Munuň özi türkmen sportunyň abraýyny ýokary derejä çykarmaga, sport okuw-terbiýeçilik işini hem-de dürli ugurlar boýunça milli halypaçylyk mekdebini ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bularyň hemmesi täze zehinleri ýüze çykarmaga we geljekki olimpiýaçylary ýetişdirmäge ýardam edýär.
Halkara Olimpiýa komiteti hem-de Sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanda sportuň ençeme görnüşleri, şol sanda awtomobil, suwdaky görnüşleri, hokkeý we buzda typmak, kerling, bouling, bilýard ýaly ýurdumyz üçin täze görnüşleri ösdürilýär. Milli atçylyk sportuny dünýä giňişligine çykarmak üçin hem uly işler geçirilýär.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi bilen baglylykda Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny amala aşyrmak babatda hem nusga alarlykdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport-bu diňe üstünlikler we medallar däl-de, eýsem, kuwwatly durmuş, birleşdiriji güýç bolup, medeniýet, ykdysadyýet, diplomatiýa bilen baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde, bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary görkezijiler sporty babatda amala aşyrylýan işler döwletimiziň hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde saglygyň we sportuň gymmatlygyna aýdyň hem-de anyk düşünýän jemgyýetimiziň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynyň aýdyň mysalydyr.
Seýran BEKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.