Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
16-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy.
Brifinge ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Azerbaýjandan, Awstriýadan, Owganystandan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Fransiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Özbegistandan we Ukrainadan bolan žurnalistler duşuşyga sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda milli Liderimiziň Türki geňeşiň sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan esasy ugurlar beýan edildi hem-de Türkmenistanyň bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Bu bolsa ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa, ylym, bilim, şonuň ýaly-da beýleki geljegi uly ugurlarda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji sammitine görülýän taýýarlygyň barşy bilen hem tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, esasy çäreleriň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de YHG-a agza ýurtlaryň işewürlik forumy geçiriler.
Brifingiň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.