Nebitgaz pudagynyň geljegi: «düşbi guýular» we «sanly ýataklar»
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagatyny ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine uly üns berýär, hut şunuň esasynda hem bu pudaga uly möçberdäki maýa goýumlary goýulýar. Bu işler dünýäde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz nebitgaz pudagyna täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Pudagy innowasion taýdan ösdürmek «sanly ýataklaryň» we «düşbi guýularyň» taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüler.
«Sanly ýataklar» — bu programma üpjünçiligi we tehniki enjamlaryň toplumy bolup, nebitgazly gatlaklary dolandyrmak hem-de uglewodorod serişdelerini gazyp almak mümkinçiliklerini berip, şeýle hem ýatagyň özleşdirilmegini üznüksiz optimizasiýa edýär.
«Sanly ýataklar» tehnologiýasynyň çözýän esasy meseleleri:
a) Onlaýn görnüşinde gözegçilik etmegiň hasabyna ýataga zyýan ýetirmezden tizligini we nebitgaz serişdeleriniň gazylyp alynýan göwrümini ýokarlandyrmak;
b) Meýdany işletmek üçin çykdajylary azaltmak, ýagny uglewodorod ätiýaçlyklarynyň ösüşiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak;
ç) Uglewodorod gatlaklarynyň ömrüni uzaltmak.
«Sanly ýataklaryň» aýratynlygy belli bir çürt-kesik şertlerde uýgunlaşmak bolup durýar. Beýleki awtomatlaşdyryş ulgamlaryndan tapawutlylykda, hakyky wagtda «sanly ýataklar» maksimum önümçilik üçin hereketleri sazlaýar. Köp mukdarda maglumat almakdan daşary, bu tehnologiýa kompýuter programmalary bukjalarynyň kömegi bilen nebitgazlylyk babatda geçiriljek barlaglaryň esasynda bolup biljek ýalňyşlyklaryň, näsazlyklaryň öňüni almakda uly ýardam berýär.
«Sanly ýataklaryň» esasy komponentleri toplumlaýyn awtomatlaşdyryş, maglumatlary ýygnamagyň we derňemegiň tehniki serişdeleri, nebitgaz kompaniýalarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak babatdaky çözgütleri hem bolup durýar.
«Sanly ýataklar» tehnologiýasynda ýatagyň modelini integrirleme komponenti has bellärliklidir. Sebäbi ýatagyň çäklerinde ýerleşen gatlagyň modeliniň we infrastrukturanyň birleşmeginde obýektiň ösüşini kesgitlemek, nebitgaz serişdelerini gazyp almaklygy meýilleşdirmek, çykdajylary azaltmak arkaly önümçiligi ýokarlandyrmak we ýalňyşlyklaryň öňüni almak mümkinçiligini berýär.
Şeýle hem «Sanly ýataklar» tehnologiýasynyň esasy komponentleriniň biri «düşbi guýular» tehnologiýasy bolup durýar. Bu tehnologiýada telemetriýa enjamyny ulanmak arkaly guýularda uzakdan sazlaýyş işlerini geçirmek hem mümkin. «Sanly ýataklar» tehnologiýasyny ulanyp, bir guýuda, şeýle hem tutuş meýdanda iş geçirip bolýar.
«Sanly ýataklar» tehnologiýasynyň düzümindäki ERP-ulgamy (Enterprise Resource Planning) arkaly önümçilikde, ýagny meýdançada uglewodorod serişdelerini gazyp almak hadysalary bilen birlikde energiýa ulanyşygy, suw üpjünçiligi, üznüksiz elektrik üpjünçiligi, şeýle hem başga döwrebap IT-tehnologiýasyny baglap bolýar. Bu tehnologiýanyň oňyn taraplaryna elektrik, bug, suw we beýleki energiýa çeşmeleriniň çykdajylaryny optimizirlemek; senagat howpsuzlygy babatda heläkçilikleri azaltmak; bu tehnologiýa arkaly ähli görnüşli ýataklarda iş geçirip bolýar; uglewodorod serişdelerini gazyp almak, göwrümini we tizligini ýokarlandyrmak; nebitli we gazly gatlaklara zyýan ýetirmän, önüm almak hem girýär. «Sanly ýataklar» tehnologiýasynyň ýeten sepgitlerine 2008 — 2016-njy ýyllar aralygynda «Salym Petroleum Development» kompaniýasynyň iş geçiren Günbatar Salym ýatagyny mysal getirip bilýäris.
Günbatar tejribesine ünsi jemlemek bilen, häzirki wagtda ençeme hünärmenler «sanly ýataklar» tehnologiýasy bilen birlikde «düşbi guýular» tehnologiýasyny hem öňe sürýärler. Tehnologiýanyň aýratynlygy daşky gurşawyň täsirinde üýtgäp durýan parametrleri awtomatik ýagdaýda sazlama işlerini alyp barýar. Häzirki döwürde nebitgaz toplumynda döwrebap IT-tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, hadysalaryň awtomatlaşdyrylmagy pudagyň ösüşine, netijeliliginiň ýokarlanmagyna, girdejileriň köpelmegine we çykdajylaryň azalmagyna getirýär.
«Düşbi guýular» — bu nebitgaz pudagynda uglewodorod serişdelerini netijeli çykarmakda, nebitgazly gatlaklardan takyk maglumatlary almakda we guýuda geçirilýän işleriň howpsuzlygyny artdyrmakda ösen döwletlerde ulanylýan döwrebap innowasion tehnologiýadyr.
«Düşbi guýular» innowasion tehnologiýasy guýulardan konstruktiw taýdan maglumatlary ýygnamak, gazylyp alnan serişdeleriň akymyny hasaplamak, nebitgaz doýgunly gatlaklary yzarlamak, perforasiýa işleri geçirilen aralyklaryň akymyny dolandyrmak ýaly toplumlaýyn işleri özünde birleşdirýär.
«Düşbi guýularyň» işleýiş prinsipi guýy enjamlaryna ornaşdyrylan kabul ediji ulgamlardan maglumatlary ýygnamakdan ybarat bolup durýar. «Düşbi guýular» tehnologiýasynyň ulgamy, ilki bilen, kabul edilen maglumatlary saýpallap, nätakyk maglumatlara düzedişleri girizip, soňra netijeleri anyklamak üçin kompýuter programmalary üpjünçiligi arkaly awtomatik ýagdaýda we degişli bolan hünärmenler tarapyndan çözgütler çykarylýar.
Bu tehnologiýanyň kömegi bilen iki sany nebitgazly obýektde bir wagtyň dowamynda aýratyn özleşdirme hem-de ulanyş işini alyp barmak mümkinçiligi ornaşdyrylan. Ol ulanylanda guýynyň içinde awtomatlaşdyrylan enjam ornaşdyrylyp, enjamyň kömegi bilen hakyky wagtda gatlaklaryň häsiýetini öwrenmek boýunça üznüksiz maglumatlary kabul edýär.
«Sanly ýataklar» we «düşbi guýular» IT-tehnologiýasynyň indiki tapgyrynyň döremegi awtomatlaşdyrylan ýagdaýda diňe guýularda ýa-da ýataklarda sanly we intellektual işleri geçirmän, eýsem, tutuş nebitgaz toplumynda, turbageçirijilerde hem-de infrastrukturanyň ähli elementlerinde ösüşiň täze ýoly bolar.
Arslan ANNAMYRADOW,
«Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.