Iň gadymy wulkanlar
Wulkanlaryň döreýiş taryhy hem ene Ýerimiziň taryhy bilen ýaşytdaşdyr diýilse ýalňyş bolmasa gerek. Eýsem iň gadymy wulkan haýsyka?
Alymlaryň pikirine görä, Ýer ýüzünde iň gadymy wulkan Kareliýada Petrozawodskiden 100 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Girwas şäherçesinde ýerleşýär. Şäherçäniň ady bir döwürlerde örän joşgunly akan «Girwas» atly şaglawugyň adyndan gelip çykypdyr diýlip çak edilýär. «Girwas» karel dilinde deresygyrlar maşgalasyna degişli bolan «Los» diýen haýwanyň adyny aňladýar.
Bu wulkanyň beýleki wulkanlardan tapawudy, oňa syn etmek üçin ýokary galmaly däl-de, eýsem aşaklygyna düşmelidir. Bu ýerleriň gözelligi gelip görenleri haýran galdyrarlyk derejededir, Häzirki wagtda Kareliýa topragynda şular ýaly gadymy wulkanlaryň 19-sy açylandyr.
Maksat AMANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.