Ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklary
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyz ägirt uly ykdysady ösüşlere eýe bolýar. Munuň düýp binýadynda ýurdumyzda senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler durýar.
Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysadyýetiň we senagatyň ähli pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Döwrebap enjamlar her bir zawoddyr kärhananyň, ylmy-tehniki edaralaryň maddy-tehniki binýadynda özüne mynasyp orun tapdy. Şonuň netijesinde, şu günki gün ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümleriniň barha köp görnüşlerini öndürmek, zawoddyr fabriklerde öndürilýän önümiň çig malyny öz tebigy serişdelerimiziň hasabyna üpjün etmek bilen bagly giň mümkinçilikler durmuşa geçirilýär.
Gaýtadan işleýän senagat babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmak bilen bir wagtda önümçilik görnüşleriniň ilkinjilerini ýurdumyzda ýola goýmak bilen bagly hem uly işler durmuşa geçirilýär.
2019-njy ýylyň tomsunda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bu babatda iň uly täsinlikdir. Zawodyň düýbi 2014-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni, «Kawasaki heavy Industries» (Ýaponiýa) we «Rönesans Holding» (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan bilelikde tutuldy we guruldy.
Kärhana bir ýylda 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işläp, ondan EURO-5 standartyna laýyk gelýän ECO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny, arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan uglewodorod gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Ilkibaşdaky taslamalaýyn kuwwatyna laýyklykda, zawod bir gije- gündizde ECO-93 benzininiň 1 müň 800 tonnasyny öndürýär. Görkezijiler ýylyň-ýylynda ýokarlanýar. Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynyň görkezijileri boýunça zawodyň ýarym ýylda öndüren önüminiň umumy bahasy 198 million manada golaý boldy. Ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 172 göterime deňdir. Öndürilen önümler ýurdumyzyň içindäki sarp edijilere we ozal baglaşylan şertnamalara laýyklykda Owganystana, Ýewropa ýurtlaryna iberilýär.
Bu dünýäde ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda gurlup ulanylmaga berlen köp sanly dokma toplumlary, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlarynyň täze zawodlary, elektrik beketleri we beýleki senagat desgalary bilen birlikde ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmaga ýardam berýär.
Biz ýurdumyzda ykdysady-medeni ösüşleri amal edýän, ilatyň hal- ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak babatda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.
Kerimberdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.