Makalalar

ÝAŞLAR SIZE ALKYŞ AÝDÝAR, ARKADAG!

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2295/original-161952dc8bf338.jpeg

Halypamyň: «Üstünligiň açary başarnykdadyr» diýen dür-däne jümlesi durmuşda özüňe bolan ynamyňy artdyrýar. Ynam bolsa adamy diňe öňe tarap ymtylmaga iterýär. Özüňde höwesiň, zehiniň, ukyp-başarnygyň bar bolsa üstünlige ýetmäge mümkinçilik döreýär. Ýüregiňe diň salsaň ýaşlyk hyjuwyň isleg-arzuwlaryňa ganat baglaýar, seni belentlige tarap alyp gidýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky her bir aladasy biz – ýaşlara döwrebap ylym-bilim almaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga giň mümkinçiliklere ýol açýar. Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň dabara edilýän günlerinde meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Bu şanly ýylda maňa üstünligiň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Ýagny, men Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldum. Bu dereje meni has-da yhlasly ylym-bilim almaga, höwesli öwrenmäge, joşgunly döretmäge ruhlandyrýar.

Bu belent at geljekde-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp edip, eziz Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga uly güýç berýär. Men bularyň ählisini öňümdäki borç diýip hasaplaýaryn.

Goý, bagtyýar halkymyzy ýagty geljege alyp barýan, ýaşlara uly ynam bilen garaýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Eziz Watan diýip urýarka ýürek,

Watany özgertmek, ösdürmek gerek.

Ganatly göwnümiz mydam janserek,

Ýaşlar Size alkyş aýdýar, Arkadag!

Ýaşlardyr Watany beýgeldip biljek,

Ýaşlardyr Watany gülledip biljek,

Biz bilen şöhrata beslener geljek,

Ýaşlar Size alkyş aýdýar, Arkadag!

Nepes SAPARNAZAROW.

Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.