Üstünlikli ösüşler
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz okgunly ykdysady ösüş ýoluna düşdi. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, döwletimiziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işleri we düýpli özgertmeleri beýik maksada — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilýär.
Ýurdumyzda ykdysadyýet giň gerimde ösdürilýär. Täze pudaklar döräp, çalt depginlerde ösýär, ozal bar bolan ugurlar döwrebaplaşdyrylýar. Işlenilip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary, sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüşini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklaryň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň köpugurly kuwwaty esasynda ykdysady bilimiň kemala gelmegine kömek edýär. Kabul edilen Konsepsiýa döwlet maksatnamalary we iri ykdysady taslamalar bilen bir bitewi utgaşyklylygy emele getirýär.
Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty arkaly ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar we köpugurly esasda ösdürilýär. Şeýle hem önümçilige öňdebaryjy usullar we netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Degişli durmuş, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik düzümleri döredilýär. Ykdysadyýetimizde senagatlaşdyrma-innowasion özgertmeler has çalt depginlerde alnyp barylýar, ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, maliýe we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek, ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli berkitmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durnukly ösüşini gazanmak babatda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar, asyrlara barabar ösüşler gazanylýar.
Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada edýär, ähli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir. Bütindünýä bankynyň kesgitlemegine görä, sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanýan ykdysady-durmuş we medeni gatnaşyklaryň toplumydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzy ösdürmegiň geljegi daşky şertleriň — dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-
de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşykly çözgüdini işläp düzmek bilen gönüden- göni baglanyşyklydyr.
Şeýle il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!
Serdar GAPUROW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.