Aşgabatda köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteli açyldy
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 19-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň ýanynda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteli açyldy. Bu taslamany “Rönesans Holding” türk kompaniýasy gurdy. Onuň gurluşygyna 2018-nji ýylyň sentýabrynda badalga berildi.
Ýedi gatdan ybarat, umumy meýdany 6,8 gektar bolan bu ajaýyp myhmanhanada ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň rahat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Binada 87 sany otag — 17-si standart, 8-si maşgala, 47-si lýuks, 15-si kaşaň lýuks otaglary ýerleşýär. Olar jemi 204 orna niýetlenendir. Mundan başga-da “Garagum” otelinde medeniýetli dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin degişli düzüm göz öňünde tutuldy. Restoranlar, SPA bölümi, dürli trenažýorlar bilen enjamlaşdyrylan fitnes zaly, üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony myhmanlaryň hyzmatyndadyr.
Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän otelde myhmanlara amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 8 sany işewürlik merkezi, ak öý şekilinde gurlan 500 orunlyk toý mekany, 150 orunlyk restoran, mejlisler we maslahatlar zallary, dürli harytlary hödürleýän dükanlar bar. Mundan başga-da binanyň düzüminde myhmanhananyň edara otaglary, bank hyzmatlaryny edýän bölümçe, lukmançylyk nokady göz öňünde tutuldy.
Oteliň ady bilen sazlaşyklylykda onuň binagärliginde we bezeginde Türkmenistanyň täsin tebigy gymmatlyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň, onuň ajaýyp ýerleriniň keşbi öz beýanyny tapdy. Öz aralarynda sazlaşykly birleşdirilen toplumyň merkezi hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýada salýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli keşbi ýatladýar. Garagum sährasynyň çägeleriniň altynsow reňki oteli bezeýän aýnalarda hem öz beýanyny tapdy.
Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Suw çüwdürimleri guruldy, agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, dürli güller ekildi. Toplumyň golaýynda ýaýlyp gidýän täze ýaşyl zolak ýerli landşaftyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýerde amatly howa ýagdaýynyň döredilmegi tutuş şäheriň ekologik ýagdaýyna oňyn täsir eder.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.