Bilim ulgamyndaky ösüşler
Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleri ýurdumyzda ýokary ösüşleri gazanmagyň möhüm binýady bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynyň ösüş taryhyna göz aýlanyňda, onuň tapgyrlaýyn häsiýeti aýdyň göze ilýär. Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni başlangyçlary esasynda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ýokary, ýörite we orta mekdeplerinde okuwyň möhletlerine gaýtadan seredilmegi, şeýle hem ylmyň dürli ugurlary boýunça täze okuw dersleriniň girizilmegi dünýä derejeli özgertmeleriň badalgasy boldy.
Ýaş nesilleriň zamanabap kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan baş çykarmagyny maksat edip goýýan informatika dersiniň okadylmagy şu günki sanly dolandyryş tehnologiýalaryna geçmegiň baş binýady boldy. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat- tehnologiki ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen gol çeken Permany esasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi. Bu ýokary okuw mekdebinde okuw işine ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň iň täze gazananlary, maglumat tehnologiýalary giňden ornaşdyrylandyr. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi.
Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna geçmek bilen baglanyşykly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinde göze görnerlikli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz: «Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşyň ähli ulgamyna ornaşdyryldy. Ýurdumyzda döwrüň öňegidişligini ilki duýup, oňa öz wagtynda seslenmäge ukyply intellektual kuwwat kemala gelýär» diýip belleýär. Her ýylda birinji synpa okuwa barýan orta mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan netbuklar sowgat berilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň ir döwürden başlap sanly ulgam bilen işlemäge taýýarlamakdyr. Sanly ulgamyň esaslaryny ele almak ýaşlaryň bilimleri özleşdirmekleri bilen bir hatarda geljekde hünärmen hökmünde işlejek iş orunlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň talaplaryndan oňat baş çykarmaklaryny şertlendirýär.
Biz ýurdumyzda bilim ulgamynda yzygiderli özgertmeleri durmuşa geçirýän, ýaşlaryň dünýä derejeli bilim almaklaryna, ylymlara ugrukmaklaryna giň ýol açýan hormatly Prezidentimize döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris. Goý, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Annagözel REPOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.