Habarlar

Batyrgaý we mähirli Aladdin A.S.Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2326/original-16199b85e2c636.jpeg

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary ýaş režisýor Baýram Garajaýew bilen ýaş tomaşaçylara gowy sowgat taýýarladylar. Olar M.S. Neprýahiniň pýesasy boýunça «Alladiniň jadyly çyrasy» atly şadyýan gündogar ertekisini sahnalaşdyrdylar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Parasatly Soltan gyzy Žasmin üçin ýigitlere syn guraýar. Olaryň arasyndan ykbal oýny bilen Aladdin şa gyzy bilen görüşende bir-birine aşyk bolýar.

Ýöne Aladdin bu bakyşy üçin ölüme höküm edilýär, bu gezek hem bagtly pursat oňa içi Jynly jadyly çyrag eçilýär. Onsoň Jynyň kömegi bilen Aladdin hem şa gyzy Žasmin bir-birine gowuşýar.

Spektaklda aýdym-saz, tans sahnalary kän bolansoň oňa erteki-mýuzikl diýmegi teklip edenlerem boldy. Aladdiniň keşbini döreden Kerim Ataýew öňden bäri tansa ökde artist hökmünde tanalýar. Horeograf Maýa Pürsiýanowa artistleriň hemesini diýen ýaly tansa goşýar.

– «Alladiniň jadyly çyrasy» – Ýer ýüzünde çagalaryň ählisiniň halaýan gündogar ertekisi – diýip Baýram Garajaýew gürrüň berýär, – şonuň üçin hem onuň diňe bir çagalara däl, eýsem ululara-da ýaramagyny isledim.

Baýram Garajaýew – Sankt-Peterburg medeniýet institutynyň uçurymy. Ol okuwyny tamamlandan soň A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Jadyly suw gaýnatgyç» göçme erteki-spektaly we «Film! Film! Film!» atly degişmeli täze ýyl oýnuny goýdy. Soňra Watan öňündäki borjuny ýerine ýetirmäge – harby gulluga çagyryldy. Gullukdan soň ýene A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatra gaýdyp geldi. «Alladiniň jadyly çyrasy» – onuň teatryň sahnasynda goýan ilkinji spektakly.

– Men bu ertekini gündogar tematikasy, gyzyklydygy we mähirli gahrymany üçin saýlap aldym - diýip ol gürrüňini dowam edýär. – Teatr spektaklyny mümkinçiligi has baý kinofilm bilen deňeşdirýärler. Ýöne bizem aktýorlaryň kömegi bilen oňa mynasyp alternatiwa döretdik. Maňa aýratynam Kerim Ataýew we ýaramaz gahryman Jafaryň keşbini döreden Waleriý Dmitriýew ussatlygy bilen köp kömek etdiler.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.