Gaz senagatyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Geçen anna güni Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowyň we HHR-iň energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Çžan Szýanhuwanyň ýolbaşçylygynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-hytaý hökümetara topary bilen onlaýn maslahaty geçirildi. Duşuşyga iki dostlukly döwletiň ýangyç-energetika toplumynyň jogapkär işgärleri gatnaşdy.
Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir. Özüniň ykdysady kuwwaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän HHR bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen gurlan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi ulanylmaga berlenden soň has-da ýokary derejä göterildi. Soňky döwürde bu döwlete «mawy ýangyjyň» akdyrylyşy ep-esli ýokarlandy. Bu babatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan ýokary netijeler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda hem «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde gaz işleri batly deginlerde dowam edýär. Üstümizdäki ýylyň başynda «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň ulanylmaga berilmegi bolsa tebigy gazyň akdyrylyş kuwwatyny artdyrmak bilen, alnyp barylýan işleriň depgininiň ýokarlanmagyna getirdi.
Geçirilen onlaýn maslahatynda geljekde hem ýangyç-energetika pudagynda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek, hususan-da, tebigy gazyň iberilişini artdyrmak, 2021-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly telefon arkaly söhbetdeşliginde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda gazhimiýa senagatyny ösdürmek barada pikir alşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek we onuň geljegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary artdyrmakda öňde duran wezipeler, gaz işlerinde täze mümkinçilikler, geljegi uly iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Häzirki döwürde ekologiýa meseleleri bütin dünýäde has işjeň seslenmä eýe bolýar. Şonuň bilen baglylykda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary derejede geçirilen onlaýyn duşuşygynyň gün terdibinde bu meselä hem giň orun berildi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.