Habarlar

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatr iki uýanyň gatnaşyklary barada oýun goýdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2340/original-1619cc6ca445b8.jpeg

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda bu spektaklyň döreýşi üýtgeşik. Bir gezek aktrisa Sofýa Stepanýans režisýor Natalýa Laukerte Andreý Wasilýewiň «Uýalar» pýesasyny okap görmegi teklip etdi, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Natalýa Andreýewna: – Gyzykly eser. Belki, ony sahnalaşdyrsak gowy bolar. Tomaşaçy sungat ybadathanasyna diňe gülkünç ýagdaýa gülmek üçin gelenok ahyry. Ýöne onuň soňky çözgüdini üýtgedeli – ol gowulyk bilen gutarsyn – diýdi.

Pýesanyň gysgaça mazmuny şeýleräk. Anna edeni ugruna bolup duran özünden kiçi uýasy alçak Olga basdaşlyk edýär. Ol doganyny öýden gider ýaly edýär, ony öýsüz we maşgala goldawsyz goýýar, Olganyň duşuşan adamsyny alyp gidýär. Anna zada zar däl ýaly görünýär: ajap öýi, ýanýoldaşy, çagalary, käri bar. Ýöne kem-kemden durmuşyndan göwni geçip ugraýar.

Ençeme ýyldan soň Olga mirasa hukugyny talap etmäge gelende olaryň arasyndaky dawa hasam güýjeýär. Öte giden dawanyň soňunda, olar dünýede özlerinden başga ýakyn hossarlarynyň ýokdugyny boýun alýarlar.

Annanyň keşbini Sofýa Stepanýanyň döretjegi dessine aýan boldy. Kiçi uýasynyň keşbini Anastasiýa Zagorodnewa ynansaň nähili bolar? Spektaklda iki keşp bar, aktrisalar iki sagada golaý tomaşaçylary dartgynly halda saklamaly. Bolsa-da, Sofýadyr Anastasiýa keşpleri ýerine ýetirmäge hötde geldiler.

Pantomima spektakla üýtgeşik bezeg berdi. Horeograf Maýa Pürsiýanowanyň goýan tansyny Anastasiýa Balandina bilen Lýubow Ýemelýanowa ussatlarça ýerine ýetirýärler. Tansçylaryň ikisem aly aňladýan nikaply çykyş edýärler. Olar çar ýana çyrpynyp, uýalaryň içki duýgusyny beýan edýärler, bir-birine düşünjek bolýarlar, ýöne ol başardanok. Öýke täzeden köňülde höküm sürýär.

Nikaplar ikinji bölümde eýýäm başgaça. Aç-açan ýürek döküşmeler bilen olar ýüregini päkleýärler. Indi olaryň hereketi mähriban adamlaryň bir-birege söýgüsini aňladýar.

Pýesanyň ahyrky çözgüdini näme üçin üýtgedendigini soranymyzda Natalýa Laukert:

– Geljek asylly adamlaryňky bolmaly diýip pikir edýärin. Islendik säwligi we ýaramaz endigi toba bilen düzedip bolar – diýip jogap berdi.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.