Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary halkymyzyň saglygyny goramakda esasy gollanmalar bolup durýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda beýik işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş edaralarynyň we hassahanalaryň, şypahanalaryň täze hem döwrebap binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Häzirki wagtda eziz Watanymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça gowy tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ösüşleriň täze belentliklerine çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanda saglygy goraýyşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, “Türkmenistan-melhemler mekany” atly ajaýyp kitaplary halkymyzyň saglygyny goramakda esasy gollanmalar bolup durýar. Saglyk hakynda gürrüň edilende ýurdumyzda hereket edýän şypahanalara hem aýratyn orun degişlidir. Gözel Diýarymyzyň “Arçman”, “Mollagara”, “Ýyly suw”, “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Farap”, “Daşoguz”, “Awaza” şypahanalary özleriniň bejerijilik, saglygy dikeltmekdäki ähmiýeti boýunça il içinde uly abraýdan peýdalanýarlar.
Belent mertebeli Prezidentimiz mähriban halkymyzyň saglygyny goramak we bu ulgamynyň işinde mundan beýläkde özgertmelerimizi çuňlaşdyrmak maksady bilen “Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda” hem-de “Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekmegi bizi buýsandyrýar. Kabul edilen resminamalaryň durmuşa geçirilmegi ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge, netijeli zähmet çekmäge, medeniýetli dynç almaga, fiziki işjeňligini ýokarlandyrmaga, saglygyny goramaga we berkitmäge esas döredýär.
Parahat DURDYNAZAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.