Makalalar

Bagajaly baýlyk öndürijiler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2356/original-161a0d3d466edd.jpeg

Ymgyr Garagumuň bu sebitinde ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde kuwwatly senagat düzümi peýda boldy. Türkmen topragynyň astyndan tebigy gaz gazylyp alynsa, Bagaja meýdançasynda ony gaýtadan işleýän häzirki zaman desgalary gurlup, işe girizildi. Şonuň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginiň Bagajadaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynda indi birnäçe ýyllardan bäri içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýangyç üznüksiz öndürilýär.

— Bizde dürli hünärli işgärleriň iki ýüzüsi bolup, olar çylşyrymly enjamlar oturdylan desgalarda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Hünärmenlerimiz hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän ýardam-hemaýatyna päk zähmet çekmek bilen jogap berýärler. Döwlet Baştutanymyz bolsa zähmet adamlarynyň bitirýän işlerine hemişe mynasyp baha berýär. Bu diýýänlerime Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli işgärlerimiziň ikisiniň döwlet sylagyna mynasyp bolandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle üns-alada has joşgunly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar — diýip, toplumyň ýolbaşçysy Farhat Saidow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Hakykatdan-da, ak ýürekden işleseň, gujur-gaýrat bilen, başarnykly zähmet çekseň, il tanaýar, döwlet sylagyňy ýetirýär. Beýik senäniň baýram edilýän günlerinde desganyň operatorlary Myrat Ýazyýewe we Atabaý Töräýewe «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýokary döwlet sylagy ussat hünärmenleri has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Olaryň işdeşleri hem işine ussat kärdeşleriniň görkezýän gowy göreldesine eýerýärler. Şeýle agzybir adamlaryň birleşen tagallalary arkaly toplum boýunça önümçilik meýilnamalary aýba-aý üstünlikli berjaý edilýär. Muňa göz ýetirmek üçin üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynyň görkezijilerine ser salmak hem ýeterlik. Toplum boýunça dokuz aýda 7783 tonnanyň ýerine 9713 tonna suwuklandyrylan gaz öndürilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Gaz kondensatyny öndürmekde hem ýokary sepgitlere ynam bilen ýetilýär. Has takygy, geçen döwürde gymmatly çig malyň 23850 tonnasy öndürildi. Munuň özi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin zerur çig mal bolup durýan önümiň 5,5 müň tonna golaýynyň meýilnama goşmaça öndürilendiginden habar berýär.

Toplumyň başlygy işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmekleri, kadaly ýagdaýda dynç almaklary üçin gaz käninde zerur şertleriň döredilýändigini aýratyn nygtaýar. Şeýle üns-alada edilýän köptaraply tagallalarda özüniň anyk beýanyny tapýar. Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna daýanýan önümçilikde işleriň aglaba bölegi kämil kompýuterler arkaly döwrebap awtomatik serişdeleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Gaz käniniň golaýynda işgärleriň ýaşamaklary, dynç almaklary, nobatdaky iş çalşygynda öndürijilikli zähmet çekmäge güýç toplamaklary üçin ähli şertler döredilen wahta şäherçesi ýerleşýär. Müdirligiň ýolbaşçylygy we kärdeşler arkalaşygy guramasy adam hakyndaky möhüm meseläni gün tertibinde saklaýar. Şeýle üns-alada bagajaly baýlyk öndürijileri ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Ýeri gelende olaryň ýyllyk meýilnamany möhletinden ep-esli öň berjaý etmek ugrunda gujur-gaýrata beslenip zähmet çekýändiklerini-de sözümiziň üstüne goşasymyz gelýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.