Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2362/original-161a11627b6342.jpeg

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisiniň başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamine mejlise gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň biziň hyzmatdaşlygymyzy berkitjekdigine, özara gatnaşyklary giňeltjekdigine, döwletleriň her birine durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ol daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin ösüşe ygrarlylygyna esaslanýar. Söwda-ykdysady ulgam, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek meseleleri hem özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlar bolup durýar.

Bu gurama girýän ýurtlaryň Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary bolup durýandygy möhümdir. ŞHG bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýurdumyzyň dünýä we kontinental işlere gatnaşmagynyň umumy ugry hökmünde garaýarys diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary nygtady.

Türkmenistanyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ugurlar boýunça bähbitleriniň gabat gelýändigi bellärliklidir. Olary iş ýüzünde amala aşyrmak, hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly bilelikdäki halkara taslamalara çykmak arkaly, olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmak möhümdir. Biz energetika we ulag ulgamlarynda, söwdada hem-de maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, wise-premýer belledi.

Ulag ulgamynda ösüşiň kuwwatynyň hem-de Türkmenistanda döredilýän utgaşykly ulag-logistika ulgamynyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça esasy ýollaryň birleşdirilmegine gönükdirilendigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti bu ugurlarda anyk taslamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, işewür toparlaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegini mundan beýläk-de goldar.

Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň umumy taryhy, medeni hem-de ruhy ýakynlyklary medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Pandemiýa garşy göreşmekde döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň, raýdaşlygyň, özara kömegiň we goldawyň talap edilýän häzirki şertlerinde munuň özi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şolaryň maksady keselleri bejermek we olaryň öňüni almak meselelerinde hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny döretmekden, ozal bar bolanlaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanylmagynyň tutuş dünýäniň bähbidine olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine, uzak möhletleýin geljekde howply ýokançlara garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn halkara gurallary döretmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjylara, onuň agzalaryna we synçylaryna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi.

Bu maslahaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Başga habarlar
16970f2b623890.jpeg
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady

«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.


169746e13a32cd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


1696b681e45652.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady

16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

169620682e5208.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda nebitgaz toplumynyň işi boýunça meýilnamalary makullady

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.


1695e1019cc5fe.jpeg
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.