NEBITGAZ PUDAGYNYŇ GELJEGI: «DÜŞBI GUÝULAR» WE «SANLY ÝATAKLAR»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty pudagyny ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine uly üns berýär, hut şunuň esasynda hem bu pudaga uly möçberlerdäki maýa goýumlar goýulýar. Bu işler dünýäde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtaýar.
Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «Sanly ýataklaryň» » we «Düşbi guýularyň taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüler.
"Sanly ýataklar" - bu programma üpjünçiligi we tehniki enjamlaryň toplumy bolup, nebit-gazly gatlaklaryny dolandyrmak hem-de uglewodorod serişdelerini gazyp almak mümkinçiliklerini berip, şeýle hem ýatagyň özleşdirmesini üznüksiz optimizasiýa etýär.
“Sanly ýataklar” tehnologiýasynyň çözýän esasy meseleleri:
a) Onlaýn görnüşinde gözegçilik etmegiň hasabyna ýataga zyýan ýetirmezden tizligini we nebit-gaz serişdeleriniň gazylyp alynýan göwrümini ýokarlandyrmak;
b) Meýdany işletmek üçin çykdajylary azaltmak, ýagny uglewodorod ätiýaçlyklarynyň ösüşiniň düşewüntliligini (рентабельность) ýokarlandyrmak;
ç) uglewodorod gatlaklarynyň ömrini uzaltmak.
"Sanly ýataklaryň" aýratynlygy, belli bir çürt-kesik şertlerde uýgunlaşmak bolup durýar. Beýleki awtomatlaşdyryş ulgamlaryndan tapawutlylykda, hakyky wagtda “Sanly ýataklar” maksimum önümçilik üçin hereketleri sazlaýar. Köp mukdarda maglumat almakdan daşary, bu tehnologiýa kompýuter programmalary bukjalarynyň kömegi bilen nebitgazlylyk babatda geçiriljek barlaglaryň esasynda bolup biljek ýalňyşlyklaryň, näsazlyklaryň öňüni almakda uly ýardam berýar.
"Sanly ýataklaryň" esasy komponentleri: toplumlaýyn awtomatlaşdyryş, maglumatlary ýygnamagyň we derňemegiň tehniki serişdeleri, nebitgaz kompaniýalarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak babatdaky çözgütleri hem bolup durýar.
“Sanly ýataklar” tehnologiýasynda ýatagyň modelini integrirleme komponenti has bellärlikli. Sebäbi ýatagyň çäklerinde ýerleşen gatlagyň modeliniň we infrastrukturanyň birleşmeginde, obýektiň ösüşini kesgitlemek, nebitgaz serişdelerini gazyp almaklygy meýillişdirmek, çykdajylary azaltmak arkaly önümçiligi ýokarlandyrmak we ýalňyşlaryň öňüni almak mümkinçiligini berýär.
Şeýle hem "Sanly ýataklar" tehnologiýasynyň esasy komponentleriniň biri bu “Düşbi guýular” tehnologiýasy bolup durýar. Bu tehnologiýada telemetriýa enjamyny ulanmak arkaly guýularda uzakdan sazlaýyş işlerini geçirmek hem mümkin. “Sanly ýataklar“ tehnologiýasyny ulanyp bir guýuda, şeýle hem tutuş meýdanda iş geçirip bolýar.
"Sanly ýataklar" tehnologiýasynyň düzümindäki ERP-ulgamy (Enterprise Resource Planning) arkaly önümçilikde ýagny meýdançada uglewodorod serişdelerini gazyp almak hadysalary bilen birlikde energiýa ulanyşygy, suw üpjünçiligi, üznüksiz elektriki üpjünçiligi şeýle hem başga döwrebap IT-tehnologiýasyny ulanmaklygy baglap bolýar. Bu tehnologiýanyň oňyn taraplary özünde elektriki, bug, suw we beýleki energiýa çeşmeleriniň çykdajylary optimizirlemek; senagat howpsuzlygy babatynda we heläkçilikleri azaltmak; bu tehnologiýa arkaly ähli görnüşli ýataklarda iş geçirip bolýar; uglewodorod serişdeleri gazyp almak göwrümini we tizligini ýokarlandyrmak; nebitli we gazly gatlaklaryna zyýan ýetirmän önüm almaklyk hem girýär. “Sanly ýataklar” tehnologiýasynyň ýeten sepgitlerini mysal edip 2008-2016-njy döwür aralygynda “Salym Petroleum Development” kompaniýasynyň iş geçiren Gunbatar Salym ýatagyny getirip bilýäris.
Günbatar tejribesine üns jemlemek bilen, häzirki wagtda ençeme hünärmenler “Sanly ýataklar” tehnologiýasy bilen birlikde “Düşbi guýular” tehnologiýasyny hem öňe sürýärler. Tehnologiýanyň aýratynlygy, daşky gurşawuň täsirinde üýtgäp durýan parametrleri awtomatiki ýagdaýda sazlama işlerini alyp barýar. Häzirki döwürde nebitgaz toplumunda döwrebap IT-tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, hadysalaryň awtomatlaşdyrylmagy pudagyň ösüşine, netijeliliginiň ýokarlanmagyna, girdejileriň köpelmegine we çykdajylaryň azalmaga getirýär.
“Düşbi guýular” - bu nebitgaz pudagynda uglewodorod serişdelerini effektiw gazyp almakda, nebitgazly gatlaklardan takyk maglumatlary almakda we guýuda geçirilýän işleriň howpsuzlygyny artdyrmakda ösen döwletlerde ulanylýan döwrebap innowasion tehnologiýasydyr.
“Düşbi guýular” innowasion tehnologiýasynyň kömegi bilen guýulardan konstruktiw taýdan maglumatlary ýygnamak, gazyp alynan serişdeleriň akymyny hasaplamak, nebitgaz doýgunly gatlaklary yzarlamak, perforasiýa işleri geçirilen aralyklaryň akymyny dolandyrmak ýaly toplumlaýyn işleri özünde birleşdirýär.
Düşbi guýularyň işleýiş prinsipi guýy enjamlaryna ornaşdyrylan kabul ediji ulgamlaryndan (система датчиков) maglumatlary ýygnamakdan ybarat bolup durýar. “Düşbi guýular” tehnologiýasynyň ulgamy ilki bilen kabul edilen maglumatlary saýpallap, nä takyk maglumatlara düzüdişleri girizip, soňra netijeleri anyklamak üçin kompýuter programmalary üpjünçiligi arkaly awtomatiki ýagdaýda we degişli bolan hünärmenler tarapyndan çözgütler çykarylýar.
Bu tehnologiýanyň komegi bilen iki sany nebitgazly obýektde bir wagtyň dowamynda aýratyn özleşdirme hem-de ekspluatasiýa işini alyp barmak mümkinçiligi ornaşdyrylan. Bu tehnologiýanyň ulanşygynda guýynyň içinde awtomatlaşdyrylan enjam ornaşdyrylyp we enjamyň kömegi bilen hakyky wagtda gatlaklaryň häsiýetini öwrenmek boýunça üznüksiz maglumatlary kabul edýär.
“Sanly ýataklar” we “Düşbi guýular” IT-tehnologiýasynyň indiki tapgyrynyň döremegi awtomatlaşdyrylan ýagdaýda diňe guýularda ýa-da ýataklarda sanly we intellektual işleri geçirmän, eýsem tutuş nebitgaz toplumunda, şeýle hem turbageçirijilerde hem-de infrastrukturanyň ähli elementlerinde ösüşiň täze ýoly bolar.
Arslan ANNAMYRADOW,
“Türkmengeologiýa” DK-yň Geologiki maglumatlary merkeziniň
Guýy maglumatlary toparynyň başlygy.

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.