Habarlar

Ýaş türkmenistanlylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan edýärler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2411/original-161aa6df9990fd.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan şol gazna degişli ugurda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplaryndaky we şäherlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümleri üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur almak bilen, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Mary we Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri geçirildi. Häzir olaryň ýagdaýy kanagatlanarly bolup, lukmanlar degişli gözegçiligi amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, lukmançylyk maksatly degişli serişdeler üçin tölegleri Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölemek barada Çözgüde gol çekdi.

Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň çagalary aýratyn üns we alada bilen gurşap almak bilen bagly ajaýyp däpleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler guruldy we gurulmagy dowam edýär. Bu ugurda ösüp gelýän nesliň saglygyny goramak we berkitmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi çagalaryň döwrebap bilim almagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam etdi.

Ýaş türkmenistanlylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ata Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň saglygy we abadançylygy barada edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.