Makalalar

Berk we ygtybarly awtoulaglar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2420/original-161ac591b5150b.jpeg

1936-njy ýyldan bäri satyn alyjylaryň gyzyklanýan önümlerini üns merkezinde saklaýan «Consumer Reports» guramasy iň berk we ygtybarly awtoulaglary çykarýan kompaniýalaryň ýyllyk sanawyny düzdi. Sanawda birinji ýere «Lexus» kompaniýasy eýe boldy. Ikinji ýeri «Mazda», üçünji ýeri bolsa «Toyota» kompaniýasy aldy.

Dördünji ýerde «Infiniti» kompaniýasy bolup, bäşligi «Buick» kompaniýasy jemledi. Şeýle hem birinji onluga «Honda», «Subaru», «Acura», «Nissan» we «Mini» kompaniýalary girdi. Jemi sanawda 28 awtoulag öndüriji kompaniýa bar.

Sanaw boýunça 0 — 100 aralygynda bal bolup, ortaça 41 — 60 bal alyndy. Umuman aýdylanda, Aziýanyň awtoulag öndüriji kompaniýalary iň berk we ygtybarly ulag öndürmekde birinji, Ýewropanyň kompaniýalary ikinji ýeri eýeledi. Amerikanyň aýratyn ýokary baha alan awtoulaglary «Buick Envision», «Chevrolet Trailblazer», «Chevrolet Silverado 2500HD», «Ranger» we beýlekiler boldy.

Ortaça 57 bal bilen «sedan», «kupe», «kabriolet», «uniwersal», «hetçbek» kysymlar iň berk we ygtybarly awtoulaglar hökmünde öňe çykdy.

Taýýarlan Gurban REJEPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.


168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

168675ab92cd74.jpeg
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi

Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.


1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.