Ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminde giň mümkinçilikler açyldy

21:32 07.12.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2442/original-161af8ca87d6c5.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi täzelenip, içerki gatnawlaryň we üstaşyr ulag geçirijilik kuwwatynyň artmagyna giň mümkinçilikler açyldy.

Ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasyny gurmak köpugurly we köptaraply häsiýete eýedir. Şunda awtomobil we demir ýollaryň geçjek ýerlerini tekizlemek, demrikdirmek, şeýle-de suw üsti we gury ýer köprülerini gurmak ýaly işiň aýry-aýry häsiýetli görnüşleri tapawutlandyrylýar. Şu günki Amyderýanyň üstünden gurlan häzirki zaman awtomobil we demir ýol köprüleri ýurdumyzyň içinde we halkara ýük, ýolagçy gatnawlarynynyň möçberini artdyrmakda, ulaglara we ýolagçylara medeniýetli hyzmat etmekde uly mümkinçiliklere eýedir.

Hormatly Prezidentimiz: «Köp sanly täze köprülerimiziň, esasan hem, Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýurdumyzyň içerki gatnawlary üçinem, ýurdumyzdan dünýä çykylmagy üçinem, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman ulgamy arkaly ýurdumyza gelýän, ýurdumyzyň üstünden geçýän halkara gatnawlar üçinem belli bahasy ýokdur» diýip belleýär. Dünýäniň abraýly iri kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bina edilen Kerki — Kerkiçi, Türkmenabat — Farap awtomobil we demir ýol köprüleri ýurdumyzyň gojaman Jeýhunyň iki tarapynda ýerleşýän çäkleriniň arasynda ýük we ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda ägirt uly mümkinçilikeri açdy. Şeýle-de ol ýollar Gündogarda doganlyk Özbegistan Respublikasy we onuň üsti bilen goňşulykdaky ýurtlara çykmaga, Günbatarda ýurdumyzyň içerki awtomobil we demir ýollary arkaly Türkmenbaşynyň deňiz portuna, onuň üsti bilen Günorta Aziýa, Kawkaza, Russiýa Federasiýasyna we Ýewropa ýurtlaryna çykmaga mümkinçilik döreýär.

Aziýadan — Ýewropa çykýan deňiz derwezesi bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty ýurdumyza mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp genji-hazynasy boldy. 2018-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen bu Halkara deňiz porty üstünden ulaglary, ýükleri we ýolagçylary geçirijiligi babatda häzirki zaman ýokary kuwwatlygyna eýedir. Onda ýükleriň gury, ürgün we beýleki görnüşleriniň her biri üçin aýratyn terminallaryň göz öňünde tutulmagy harytlaryň howpsuz ýüklenmegini we gatnadylmagyny doly üpjün edýär.

Ýurdumyzda şeýle kämil ýol-ulag infrastrukturasynyň döredilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyny ýurdumyzda durmuşa geçirmek babatda amala aşyrylan aýdyň işdir.

Biz ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän möhüm ornuny berkitmekde uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.

Begençmyrat ÖDETAGANOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
161b4ff86dce6b.jpeg
In arassa howaly ýurtlar

Dünýäde iň arassa howaly ýurtlaryň sanawy düzülende, alymlar Islandiýa, Finlýandiýa, Awstraliýa, Estoniýa, Şwesiýa, Norwegiýa, Täze Zelandiýa, Kanada, ABŞ, Portugaliýa, Irlandiýa ýaly ýurtlary öňdäki orunlara çykardylar.


161b72e56504fe.jpeg
Nebitçileriň netijeli işleri

Uglewodorod çig mallaryny çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirip, içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, «Türkmennebit» DK-nyň kärhanalaryny tehniki taýdan ygtybarly enjamlaşdyrmak işleri barha giň gerime eýe bolýar.


161b504f10e595.jpeg
Täze awtomobiller

Ýylyň ahyrynda dünýä belli önümçilik kompaniýalarynyň birnäçesi täze önümleri bilen tanyşdyrarlar. Täze ulaglaryny tanyşdyrmaga taýýarlanýan brendleriň arasynda Porsche, Mercedes-Benz, McLaren we beýlekiler bar. Bu barada naavtotrasse.ru belläp geçýär.


161b79c612241d.jpeg
Dünýäde iň arassa suwly derýa diýlip Werzaska derýasynyň suwy hasap edilýär

Ekologiýanyň we daşky gurşawyň goragynyň iň wajyp mesele bolup durýan häzirki zaman dünýäsinde iň arassa diýen derejä ymtylmak barha meşhurlyga eýe bolýar. Eýsem-de bolsa, iň arassalygyň hem iki derejesi bar: tebigy arassalyk; häzirki zaman tehnologiýalarynyň, adam aňynyň kömegi bilen arassalygy gazanmak.


161b4f8b493c48.jpeg
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolar

Geljek ýylyň aprel aýynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi maksat edinýär.