Makalalar

Ýurdumyzda amala aşyrýan sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä nusgalykdyr

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2443/original-161afa2c7e6e7a.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ilatyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly amala aşyrýan işleri dünýä nusgalykdyr. Şeýle işleriň hatarynda 1995-nji ýylda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda gurlup ulanylmaga berilýän saglyk binalary aýratyn möhüm orun eýeleýär.

Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, aýratyn-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berlen hassahanalaryň, Saglyk öýleriniň, şypahanalaryň, sagaldyş dynç alyş merkezleriniň sany barmak basyp sanardan kändir. Olaryň her biri häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýasynyň iň täze gazananlarynyň esasynda enjamlaşdyrylandyr. Olara anyk mysallar hökümde paýtagtymyzyň günorta dag eteginde emele gelen Saglyk şäherçesini düzýän saglyk binalaryny, «Berzeňňi», «Baýramaly», «Arçman», «Ýyly suw», «Farap» şypahanalarynyň abadanlaşdyrylyp gurlan binalaryny, täze gurlup ulanylmaga berlen «Awaza», «Bagabat», «Daşoguz» şypahanalaryny we welaýatlarymyzda, etraplarymyzda gurlan Saglyk öýlerini, hassahanalary görkezmek bolar.

Şular bilen birlikde häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýatlardyr etraplarymyzda dermanlyk serişdeleri öndürýän lukmançylyk kärhanalarynyň hatary barha artýar. Muňa Paýtagtymyzdaky Infizion erginleri öndürýän kärhanany, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda açylyp ulanylmaga berlen ýod taýajyklaryny öndürýän kärhanany, Mollagaranyň şypaly palçygyny gaplaýan kärhanany, Daşoguzdaky dermanlyk sargy serişdelerini öndürýän zawody we beýlekileri mysal getirmek bolar.

Döredilen şu hili maddy-tehniki binýadyň beren ýardamy bilen ýurdumyzda adamlaryň saglygyny gorap saklamak, keselleriň öňüni almak, birnäçe keselleriň ýurdumyzdan doly ýok bolup gitmegini gazanmakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda ilaty waksinalar we immunizasiýa serişdeleri bilen üpjün etmekde sebitde öňdäki orunlar eýelenýär. Milli öňüni alyş sanjym tertibine laýyklykda, jemi 14 sany ýokanç kesellerine garşy öňüni alyş sanjymlary döwlet tarapyndan mugt geçirilýär. Ýurdumyzda gyzamyj, gyzylja, drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleri doly ýok edildi.

Biz ýurdumyzda adam saglygyny gorap saklamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwren hormatly Prezidentimize uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris.

Enejan DÖWRANOWA,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.