Türkmenistan kuwwatly energetika döwletidir
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bellenilen şanly ýylda nebitgaz senagatyndaky desgalaryň we kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik döredildi. Ýylyň başynda «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň ulanylmaga berilmegi ýurduň gündogar sebitiniň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň gaz üpjünçiligini artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny güýçlendirmäge şertleri gowulandyrdy. Munuň özi Malaý ýatagynda alnyp barylýan guýularyň buraw we özleşdirmek işlerini hem tijedi, netijede önümli guýular çig mal binýadynyň artmagynda amatly ýagdaýy emele getirdi.
Daşary ýurt kompaniýalary bilen nebit pudagynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň netijesinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde çig malyň çykarylyşyny artdyrmaga we ýokary netijeler gazanmaga gönükdirilen işler ilerleýär, ýagny guýularyň önüm berşi, işleýjilik möhleti gowulandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, önümçiliklere ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy amala aşyrylmagy meýilleşdirilen Prezident maksatnamalaryny çözmekde we nebitgaz pudagynyň toplumlaýyn ösmeginde, hususan hem, nebit we gazhimiýa senagatynda garaşylýan netijeleri almakda binýatdyr. Şu binýadyň esasynda önümçilik düzümleri giňelýär we içerki hem-de daşarky bazarlar üçin öndürilýän önümleriň sanawy köpelýär. Bu babatda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda amala aşyrylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça çäreler görlüp, şol önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetik çalgy ýaglary, gämiler üçin niýetlenen ýangyç, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenen alýumin çaýylan polipropilen örtügi bar.
«Türkmennebit» DK-nyň önümçiliginiň ýokarlandyrylmagynyň nebithimiýa senagatyna giň ýol açyşy ýaly, gaz pudagynda «mawy ýangyjyň» çykarylyşynyň köpeldilmegi ýurduň ykdysady kuwwatyna öwrüljek iri önümçilikleriň döredilmegine getirýär. Bu ugurda hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dyngysyz işler durmuşa geçirilýär. Üstümizdäki ýylyň iýulynda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, «Galkynyş» gaz känindäki «Türkmengaz» döwlet konserniniň aýratyn çylşyrymly guýularyň üçüsiniň gurluşygyny tamamlamak hem-de ulanmaga bermek barada «СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited» (HHR) kompaniýasy bilen şertnama baglaşylmagy gazyň eksportyny artdyrmak bilen birlikde gazhimiýa senagatynda hem ygtybarlylygy üpjün edýär.
Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň doly güýjünde ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu amatlyklaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň ilkinjileriniň hataryna goşar.
Ata ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.