Makalalar

Bitaraplyk ýörelgämiz

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2479/original-161b4f0f061e6c.jpeg

Hemişelik Bitaraplygymyzyň ajaýyp miweleri barada gürrüň edileninde, onuň halkymyza beren bagtyýarlygy bilen bir wagtda dünýä ýurtlarynyň durmuşynda eýelän wajyp omy barada söhbet açmak ýakymlydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 2017-nji ýylda bolup geçen Sessiýasynda 12-nji dekabry bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň dünýä syýasatynda saýlap alan hemişelik we oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň döwletler, halklar arasynda hoşniýetli dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde wajyp syýasy gural bolandygynyň bütin dünýä möçberinde ykrar edilmesi boldy diýip aýtmak bolar.

Biziň Garaşsyz döwletimiz dünýäde hiç bir harby-syýasy maksatly birleşiklere we birleşmelere goşulmaýar. Ýurdumyz diňe özüniň hemişelik hem-de oňyn Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan tertipde sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmäge * goşant goşýar. Mähriban Arkadagymyz özüniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: ««Dogan dogana gala» diýýär türkmen. Dünýä halklary bilen doganlaşyp, biz özümize dünýäni gala edinýäris» diýip belleýär. Bu parasatly jümleleriň düýp mazmunynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şu günki gün dünýäde we sebitde dörän wehimleriň öňüni almakda bar bolan mümkinçiliklerini utgaşdyrmak ýaly başlangyçlary, bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi durýar. Muňa aýdyň mysallary hökmünde Türkmenistanyň durmuşa geçiren işlerini ýatlap geçmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz şu günki gün Aral ýalpaklygynda emele gelen amatsyz ekologiki ýagdaýyň diňe bir sebitiň çägindäki mesele bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä derejesinde globallaşan meseledigine özüniň her bir çykyşynda imsi çekdi. Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasyna 2017 — 2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň bu ugurda tagallalaryny birleşdirmek, şeýle hem emele gelen ýagdaýlaryň wajypdygyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek babatda köp işleri amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda sebitde emele gelen ýagdaýlary kadalaşdyrmak babatda 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi wajyp wakalaryň biri boldy. Şondan öň 2008-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna synçy derejesini bermek hakynda Kararnamany kabul edipdi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bu iki möhüm resminama ýurdumyzyň hemişelik hem-de oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelerini üstünlik bilen amal edýänligini aýdyň görkezýär.

Biz mukaddes Bitaraplygymyzyň dünýä möçberinde işjeň parahatçylyk dörediji gural hökmündäki abraýyny belentlere galdyrýan mähriban Arkadagymyza uzak ömür, jan saglygyny arzuw edýäris.

Dürli AGAÝEWA,

Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.