Makalalar

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2480/original-161b4f8b493c48.jpeg

Geljek ýylyň aprel aýynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi maksat edinýär.

Mähriban ýurdumyz Beýik Yüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen,

Aziýanyň we Yewropanyň halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeltmäge uly sarpa goýýar.

Hazar deňzi gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň

merkezinde ýerleşipdir, Beýik Yüpek ýolunyň möhüm bölegi bolupdyr. 01 düriýädäki täsin ýerdir. Bu ýerde, onuň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda gatnaşyklaryň aýratyn, özboluşly gömüşi emele geldi. Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky siwilizion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy.

2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekilenden soňra bu sebit aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy. Hazar özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň netijesinde häzirki wagtda okgunly ösýän sebite, özboluşly ykdysady merkeze öwrüldi. Bu ýerde maýa goýumlar, halkara we sebit taslamalary özara utgaşýar. Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejä eýedir.JBu ýerde halkara we sebitleýin ulag geçelgeleriniň döredilmegi hem-dýsdürilmegi .netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan esasy şertleriň biridir.

Gadymy Beýik Ýüpek ýoly ähli döwürlerde hem Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän strategik söwda-ykdysady geçelge hökmünde belledir. Hazar deňzi kenarýaka ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has- da giňeltmäge ýardam berýän örän möhüm jebisleşdiriji şert bolup durýar. Gazagystan — Turkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi we halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri kenarýaka we we beýleki ýurtlaryň gatnaşyklary, Hazar sebitinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri emele getirýär. Hazarüsti halkara ulag geçelgesi ösdürilýär.

Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölekleriniň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny dumuklaşdyrmaga hem-de szälaşdyrmaga gönüden-göni täsir edýär we Dumukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär. BMG-niň çäklerindäki bu ugurdaky ähli tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýan Türkmenistan köpugurly utgaşdyrylan ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli amala aşyrýar. Geljek ýylyň aprelinde geçiriljek halkara maslahaty hem möhüm ähmiýete eýe bolar.

Wepa ATABAÝEW,

Türkmen döwlet biangärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.