Täze awtomobiller

01:07 12.12.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2482/original-161b504f10e595.jpeg

Ýylyň ahyrynda dünýä belli önümçilik kompaniýalarynyň birnäçesi täze önümleri bilen tanyşdyrarlar. Täze ulaglaryny tanyşdyrmaga taýýarlanýan brendleriň arasynda Porsche, Mercedes-Benz, McLaren we beýlekiler bar. Bu barada naavtotrasse.ru belläp geçýär.

Italýan awtoönümçilik kompaniýasy Alfa Romeo şu aýda Jeep ulaglarynyň platformasyna esaslanýan Tonale krossowerini hödürlemäge taýýarlanýar. Bu awto özüniň yşyk diodly optikasy we baý üpjünçiligi bilen tapawutlanyp biler, ýöne muňa garamazdan, onuň bahasynyň gymmat bolmazlygyna garaşylýar. Nemes brendi Alpina şu aýda 4,4 litr göwrümli 600 at güýji bolan iki turbo hereketlendirijili täze XB7 modelini tanyşdyrar, McLaren bolsa häzirki wagtda Nýurburgringde synagdan geçýän täze 750LT sportkaryny hödürlär. 2021-nji ýylyň ahyryna niýetlenen täze awtomobil 600LT-niň üýtgedilen görnüşidir.

Şeýle-de, bu aýda Mercedes-Benz EQA elektrokarynyň tanyşdyrylyşyna garaşylýar. Bu täze awto barada jikme-jiklikler heniz az, ýöne onuň akkumulýatorynyň 400 kilometr ýoly üpjün edip bilýändigi belli. Mitsubishi ýapon awtoöndürijisi Eclipse Cross krossowerini, Porsche bolsa Panamera uniwersalynyň täze görnüşini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Şu aýda garaşylýan täze awtomobil önümleriniň ýene biri 1,5 litr göwrümli 166 at güýji bolan turbo hereketlendirijili we 100 at güýji bolan kuwwatly elektrik hereketlendirijili MG HS PHEV gibrid krossoweridir. Deslapky maglumatlar boýunça, MG HS krossoweri 100 km/sag çenli bat almak üçin 5,8 sekunt wagt alýar.

Mäne ORAZMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.