Dünýäde iň arassa suwly derýa diýlip Werzaska derýasynyň suwy hasap edilýär
Ekologiýanyň we daşky gurşawyň goragynyň iň wajyp mesele bolup durýan häzirki zaman dünýäsinde iň arassa diýen derejä ymtylmak barha meşhurlyga eýe bolýar. Eýsem-de bolsa, iň arassalygyň hem iki derejesi bar: tebigy arassalyk; häzirki zaman tehnologiýalarynyň, adam aňynyň kömegi bilen arassalygy gazanmak.
Dünýäde iň arassa suwly derýa diýlip Werzaska derýasynyň suwy hasap edilýär. Bu derýa Tiçino kantonynda (administratiw çäk) ýerleşýär. Derýanyň uzynlygy, bary-ýogy, 30 kilometre ýetýär. Gözbaşy Pisso Baron beýikliginde, 2 müň 864 metr beýiklikde ýerleşýär. Aýagy bolsa Italiýanyň serhedindäki Lago-Madžore kölüne guýýar.
Werzaska ozaly bilen örän arassa suwy bilen şöhratlydyr. 01 dünýäde iň arassa suwly derýa diýen derejä eýedir. Şonuň ýaly-da, derýanyň ýakalarynyň, şeýle hem düýbünde ýatan dürli reňkli daşlarynyň täsinligi bilen syýahatçylary özüne çekýär.
Süleýman BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.