Makalalar

DIÝARYMYZYŇ TÄSIN GÖZELLIGI

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2525/original-161bd8a2699a5b.jpeg

Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm böleginiň biri bolup durýan, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek baradaky oňyn başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň ýaly çäreler umumy wajyp işe dahylly bolmak isleýän adamlary ýakynlaşdyrýar.

Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde, awtoulag hem- de demir ýollaryň ugrunda gök zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar. Goýy saýaly ajaýyp baglar, älemgoşar ýaly dürli reňkli güller, paýtagtymyzyň etekleriniň aýrylmaz keşbine öwrüldi.

Köpetdagyň eteklerinde arça, pürli hem-de ýaprakly agaçlar ekilen meýdanlar has-da giňelýär. Şonuň netijesinde soňky ýyllarda bu ýerlerde guşlaryň we haýwanlaryň dürli görnüşleriniň, şol sanda seýrek duşýanlarynyň hem sany ep-esli artdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, täze gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde bag ekmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek möhüm talaba öwrüldi. Olaryň tebigy gözelligi ynsana oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy döredilýär. Köpetdagyň etegindäki baýyrlykda bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň ýanyndan ak mermerli" paýtagtymyzyň ajaýyplyklary eliň aýasynda ýaly görünýär. Soňky ýyllarda Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi milli

Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrýan özgertmeler maksatnamalarynyň aýdyň netijesidir. Döwrebap binalaryň sazlaşygy bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşyp, täsin gözelligi döredýär.

Amanmyrat ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.