Makalalar

Ekologiýa taýdan arassa ýangyç

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2526/original-161bf43fce804b.jpeg

Dünýäde odunlyk agaçlardan başlap, tebigy ýangyç hökmünde ulanylýan daşkömür, kükürt ýaly dürli serişdeler bellidir. Şolaryň arasynda ekologiýa taýdan iň arassa ýangyç hökmünde gazy görkezmek mümkindir.

Gazyň arassalygynyň göze gömüp duran alamatlary hökmünde, ýakylýan wagtynda onuň tüssesiniň bolmaýandygyny we ýanandan soň külüniň galmaýandygyny görkezmek bolar. Dünýäde ekologiýa babatda hapalanmalaryň garşysyna göreşilýän häzirki döwürde bu ýagdaý has hem möhümdir. Gazylyp alynýan döwründe ol, esasan, gaz gömüşli metandan ybaratdyr. Onuň düzümine şeýle-de propan, etan we butan gazlary girip biler. Bu maddalaryň gazyň düzümindäki gömüşleri we mukdary gazyň gazylyp alynýan ýataklaryna baglydyr.

Gazyň esasy oňaýlyklarynyň biri-de, onuň ýanyş prosesini gözegçilikde saklap bolýanlygydyr. Uly önümçiliklerde ýangyjyň gaty jisimlerden bolan kömür we beýleki gömüşleri bilen baglanyşykly şeýle gözegçiligi ýola goýmak kynçylyklydyr.

Ata ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.