Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy
Elektrik energiýasy ýurduň senagatyny ösdürmekde, ykdysadyýetiň kuwwatlyklaryny artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň energetika pudagyny yzygiderli ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämil enjamlar, täzeçe iş usullary arkaly baýlaşdyrmaga uly üns berilýär.
Häzirki döwürde dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegiň artmagy bilen täze elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijilerini gurmak, tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Türkmenistanyň gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Bu resminamalar milli elektrik energetika ulgamynyň durnukly ösüşini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyz: «Ata Watanymyzyň ösüşine milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagynyň goşýan goşandy hem uludyr. Milli elektrik energetikasy pudagynyň düýpgöter özgerdilmeginiň netijesinde, uly zähmet üstünlikleri gazanyldy» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan uzak möhletleýin maksatnamalar esasynda başy başlanan özgertmeler guwandyryjy netijelere beslenýär. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan energetika senagatynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bilen Türkmenistan dünýäde iri energetika döwletine öwrüldi. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň uly bölegi senagatda, jemagat we oba hojalygynda giňden ulanylýar. Munuň özi energetika senagatynyň durmuşyň her bir ugrunda wajyp orny eýeleýändigini görkezýär.
Goý, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösüşiň, beýik özgertmeleriň ýoly bilen ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-gün, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!
Atageldi KAKABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.