Ikinji stollar
Adamzadyň medeniýetli ýaşaýşynyň, aň taýdan ösüşleriniň görkezijileri bolan ilkinji iş gurallarynyň we esbaplarynyň döreýiş taryhy gyzyklydyr. Şolardan her bir ýurduň we halkyň durmuşyna girip giden iş stollarynyň döreýiş taryhy has hem özüne çekijidir.
Häzirki wagtda ylmy jemgyýetçilige mälim bolan iş stollarynyň iň gadymylary gadymy Müsürden tapylypdyr. Bu ýerde mundan üç müň ýyl ozal hem stol şekilindäki nahar stollary — üsti iýilýän tagamlara görä bölünen relýefler ulanylypdyr.
Müsüriň hökümdarlary durmuş babatda talapkär bolupdyrlar. Şu nukdaýnazardan hut müsürliler stollary niýetlenen maksatlary boýunça aýry-aýrylykda ýasamak boýunça pikiriň üstünden barypdyriar. Nahar stollary ýüzüne tagamlaryň suraty çekilen, bezegli stollar bolupdyr, Iş stoly bolsa, ýa-ha dyzyň üstiinde goýlup işlenilýän, ýa-da ýygnalýan aýakly ýönekeý düz tagtalar bolupdyr.
Ilkinji stollar daşdan ýa-da agaçdan oňarylypdyr. Häzirki wagtda bolsa olaryň niýetlenen ugurlary boýunça demir, alýumin, polimer gömüşleri hem bar.
Döwlet ROZYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.