Makalalar

GÖZELLIGIŇ SAZLAŞYGY

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2562/original-161c3868d0c0a4.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat gün-günden owadan keşbe eýe bolýar. Bu gün Aşgabat dünýäniň we sebitiň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda innowasiýalary, iň gowy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny has-da pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Watanymyzyň paýtagtynda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň günorta künjegindäki özboluşly tebigy aýratynlyklary bolan ýerlerde birnäçe binagärlik toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Şolaryň bir bitewisazlaşygy emele getirmegi, bu ýerlerde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi mermer paýtagtymyzyň gözellegini artdyrmak bilen bir hatarda onuň ekologik derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny hem üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler milli Liderimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ýerde amala aşyrylýan toplumlaýyn işler öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy gurulýar. Bu toplum 2022-nji ýylda doly tamamlanyp, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanyp açylýar. Eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan, tutumy belent toplumda paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşup, iň ajaýyp ýeleriň birine öwrüler. Nesip bolsa, 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy bilen dabaralanar.

Şeýle hem şol ýyl «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan ediler. Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy asman bilen Zemin arasyndaky beýik ýadygärlik bolar.

Dürli AGAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.