Makalalar

Ýyl düşümli bolsun!

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2570/original-161c4cfc69df1a.jpeg

Türkmenlerde maşgala baýramy hasaplanylýan bosagada duran täze ýyly garşylamak hem buýsançly pursatlaryň biridir. Täze ýylyň ýetip gelmegi bilen tamamlanyp barýan ýylda amala aşyrylan işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere nazar aýlamak halkymyzda asylly däbe öwrülendir.

2021-nji ýylda ýurdumyz boýunça ýetmişden gowrak desgalardyr binalaryň gurlup, ulanylmaga tabşyrylmagy has-da buýsançly bolup, olar ykdysady ösüşlerimize goşant goşjak desgalardyr.

Bosagada duran 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklibiň halk tarapyndan öňe sürülmegi bilen milli Liderimizi hem-de türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu ýylyň hem halkymyz üçin uly üstünliklere beslenjek ýyl boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Röwşen EÝEBERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.

1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.