Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlarynyň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde bar bolan soraglary öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna Serdar Berdimuhamedow iş saparlaryny amala aşyrdy, şolaryň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanyşdy.
Iş saparynyň dowamynda önümleriň bolçulygy, harytlaryň köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleler bilen bagly ýagdaýlar öwrenildi. Önüm öndürijiler, söwda ulgamynyň işgärleri, telekeçilerdir ýönekeý alyjylar we ýerli ilatyň wekilleri bilen duşuşylyp, söhbetdeş bolundy. Ýokarda agzalan maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi seljerilip, welaýat häkimliklerinde degişli maslahatlar geçirildi.
Milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, şu maksatlar üçin welaýatlaryň ählisinde hem önümleri gyş paslyna çenli saklamak babatda sowadyjylar we ýyladyşhanalar guruldy. Telekeçileriň miwe, bakja önümlerini öndürmegi üçin müňlerçe gektar ýer bölünip berildi. Olara tohum, dökün, tehnika satyn almaklary üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Häzirki döwürde bazarlarymyzda we beýleki söwda nokatlarynda bolanyňda, bu işleriň netijesi aýdyň duýulýar. Welaýatlaryň ählisiniň bazarlarynda önüm bolçulygynyň döredilendigini, halkymyza hödürlenýän harytlaryň köpdürlüdigini, bahalaryň hem elýeterlidigini görmek bolýar.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow bazarlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň däl-de, özümizde öndürilen önümleriň artykmaçlyk edýändigini aýratyn belledi. Ilatymyza häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň öndüren towuk, goýun, sygyr etleri we et önümleri, balyk, tüwi, un, ýag, şeker önümleri, ýurdumyzda ýetişdirilen banan, mandarin, hurma, limon, apelsin ýaly sitrus miweleri bilen bilelikde, alma, armyt, şetdaly, garaly, üzüm ýaly miweler, gawun, garpyz, ýeralma ýaly ýokary hilli harytlar hödürlenýär.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, welaýatlardaky söwda edaralarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňden ornaşdyrylýar. Ilata hödürlenýän nagt däl elektron hasaplaşyk şertleri, internet söwdanyň, elektron mahabatlaryň ýola goýluşy, alyjylara eltip bermek hyzmatlary we beýleki işler söwda medeniýetiniň kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda azyk önümleriniň ähli görnüşlerini öndürmek üçin amatly tebigy we howa şertleri bar. Öndürilen önümleri gaýtadan işlemek, häzirki zaman önümçiligini ýola goýmak üçin täze tehnologiýalar, kämil enjamlar satyn alynýar. Bazar ykdysadyýetiniň şertleri ornaşdyrylýar. Bu giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini hem berýär.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmak üçin birnäçe teklipleri beýan etdi.
Hususan-da, ilaty özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmegi kämilleşdirmek, daşary ýurtlara eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, önüm bolçulygy, haryt köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleleri hemişelik gözegçilikde saklamak, önüm öndürijileri höweslendirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has giňden ornaşdyrmagyň hasabyna söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, amatly bahalardan we tiz hyzmatlary ýola goýmak ýaly işleri geçirmek teklip edilýär.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.