Makalalar

«Motorolla Edge S30» el telefonynyň aýratynlyklary

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2588/original-161c882e55ce58.jpeg

Hytaý Halk Respublikasynyň «Lenovo» kompaniýasynyň hataryna girýän «Motorola» öz täze «Motorola Edge S30» el telefony bilen tanyşdyrdy. Ol 21-nji dekabrda satuwa çykarylar. Bu barada «IThome» habar berýär.

Bu el telefonynyň 6,7 dýuým göwrümi we Full HD+ (2400х1080 piksel) rugsatnamasy bolan ekrany, 144 gç bolan suraty täzeleme güýji (surat 1 sekuntda 144 sapar täzelenýär, dikelýär) we «HDR10+» goldawnamasy, esasy üç surata düşüriji enjamy (108Mp, 13Mp, 2Mp) we öň ýüzünde ýerleşýän surata düşüriji enjamy bolar (16Mp).

El telefony bir kristally «Qualcomm Snapdragon 888+» ulgamy bilen üpjün ediler. Şeýle hem onuň 6-12 gb bolan «LPDDR5» wagtlaýyn ýady we 128 Gb ýa-da 256 Gb ornaşdyrylan «UFS 3.1» fleş-ýady bolar.

Şeýle-de onuň barmak yzyny saýgaryp bilýän gapdal skaneri, suwdan gorag güýji (IP52) we USB Type-C üçin ýörite niýetlenen ýeri bolar.

Gadyrmuhammet ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.