Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakynda Karary
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna baky öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde, uly buýsanç bilen dabaraly bellenilip geçilmegi öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň agzybirliginiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde gazanan beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler mähriban Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini we many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň içinde we halkara derejede geçirilen köp sanly çäreler, hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy berkarar etmek ugrunda iri halkara forumlarda öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanan üstünlikleri, halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni-ruhy mirasy, däp-dessurlary bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň halkara derejede ykrar edilen häzirki zamanyň ýolbaşçysyna mahsus bolan egsilmez döredijilik mümkinçiliklerini bütin dünýä aýdyň açyp görkezdi, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýly ornuny has-da berkitdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň agzybir halky ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwandyryjy taryhy wakalary, syýasatda, ykdysadyýetde we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikleri Arkadag Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň öz Arkadagyna, onuň pähim-paýhasdan gözbaş alýan ynsanperwer syýasatyna, gurýan adalatly raýat jemgyýetiniň ýagty geljegine bolan synmaz ynamy barha artýar.
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak halkymyzyň göwün isleginden çykýan asylly däbe öwrüldi. Bu däp halkymyzda dost-doganlygyň mekany bolan Watanymyza we bagtyýarlyk döwrümize buýsanjy, joşgunly we halal zähmete yhlasy artdyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan deňsiz-taýsyz üstünliklerini we durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerini, ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işleriň ähmiýetini, Türkmenistanyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli watançylyk we Arkadagly zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ägirt uly üstünlikleriniň milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gazanylandygyny, netijede, milli döwletlilik ýörelgelerine daýanyp, kämil döwlet gurmakda, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda täze derejelere ýetip, türkmen halkynyň öz Arkadagy bilen XXI asyryň üçünji onýyllygynda täze döwre, täze zamana gadam basandygyny nygtamak bilen hem-de 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakynda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 27-nji dekabry.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.