Dünýä derejesindäki şypahana
«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap saglyk ulgamy kemala gelýär. Dünýä standartlaryna gabat gelýän sagaldyş merkezleri, şypahanalar we dynç alyş öýleri yzygiderli ulanmaga berilýär.
Bereketli türkmen topragy saglygy dikeltmek we saklamak üçin ägirt uly güýji özünde jemleýän hakyky melhemler mekanydyr. Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezi Balkanabat şäherinden 24 kilometr aralykda, Jebel şäherçesiniň golaýynda ýerleşen Mollagara köli munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Hut şu ýerde özboluşly täsinlik döredýän Mollagara şypahanasyny köplenç ýakyn Gündogardaky Asuda deňzi bilen deňeşdirýärler. Onuň suwy we palçygy natriniň, magniniň hloridlerine we sulfatlaryna, demre, brom duzlaryna we beýleki minerallara baý bolup, köp keselleri bejermäge ýaramly, ýerli ilat olary birwagtlardan bäri ulanýar. Bejeriş edarasynyň derejesine bolsa Mollagara şypahanasy XX asyryň başynda eýe boldy.
2012-nji ýylda ýurdumyzyň baýry şypahanalarynyň biri — Mollagara şypahanasy tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde döwrebap binalary bolan täze şypahana toplumy kemala geldi. Ol aslyýetinde iki, üç we alty gatly ýaşaýyş hem-de palçyk we suw bilen bejeriş binalary bolan tutuş şypahana şäherçesidir. Onda birwagtda 800-den gowrak adam saglygyny bejerdip we dikeldip bilýär.
Bu ýerde Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Slowakiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şypahanada rentgen, endoskopiýa etmek, UZI, EKG, kompýuter tomografiýasyny geçirmek üçin enjamlar we beýlekiler bar. Terapewt, kardiolog, hirurg, trawmatolog, newropatolog, urolog, pediatr ýaly lukmanlaryň gymmatly maslahatlaryny almak bolýar. Şypahanada şeýle hem diş, göz lukmanlarynyň, iňňe bilen bejeriş, elektroforez, bedenterbiýe, ingalýasiýa we beýleki otaglar işleýär.
Ozal bellenilişi ýaly, Mollagara kölüniň palçygy we duzly suwy bilen bejeriş usullary daýanç-hereket ediş synalarynyň guragyry, bogun agyry we nerwiň sowuklamasy, oňurga, deri keselleri we önelge ulgamy bejerilende ulanylýar. Mundan başga-da, gyzgyn çägeli wannalar örän peýdalydyr. Türkmenler gadymdan Garagumuň bu «dermanyny» başarnykly peýdalanypdyr. Bu ýerde şeýle hem «stounterapiýa» otagy bar. Bejerişiň bu usulynda ýylmanak gyzgyn daşlary ulanýarlar. Mundan başga-da, şypahanada sagaldyş ýerleriniň häsiýetlerini öwrenýän, ylymda ulanylýan täze tehnologiýalar bilen tanyşmak bolýar. Bu hususan-da, barokamerada bejeriş almak usuly bolup, onda dokumalar kislorod bilen baýlaşýar. Krioterapiýa otagynda sowuk bilen bejeriş geçirilýär, ol gan aýlanyşyny we maddalaryň alyşmasyny işjeňleşdirýär. Bu usullaryň ikisi hem özlerini lukmançylygyň ençeme pudaklarynda ajaýyp usul hökmünde görkezdi.
Bu ýerde şeýle hem umumy ýagdaýyňy gowulandyrmak we ýaşarmak, kesellere garşy göreşmek ukybyňy berkitmek we durmuş işjeňligini ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikler bar. Şypahana gelýänler bu ýerde her bir adama aýratyn çemeleşilmegine ýokary baha berýärler, munuň özi adamlara sagdyn durmuş şatlygyny peşgeş berýän bu täsin künjegiň jadyly güýjüni we tebigy şertleriniň oňaýly täsirini doly derejede duýmaga mümkinçilik berýär.
Esasy binadan başga bu ýerde maşgalalar üçin aýratyn jaý we çagalar bölümi bar. Şypahanada saglygyny dikeldýän adamlar üçin dynç almak we wagtlaryny peýdaly geçirmek üçin ajaýyp şertler döredildi. Bu ýerde kitaphana, internet-kafe, restoran we dükanlar, türgenleşik zaly, billýard oýnalýan otag, sport meýdançalary, amfiteatr bar. Fito-bar ünsüňi aýratyn özüne çekýär, bu ýerde türkmen topragynda ösýän melhem otlaryndan demlenen ýakymly çaýdan içip görmek bolýar. Dürli ýerlerden gelen adamlar şypahanada döredilen ajaýyp şertlerden jana şypa tapandyklary, gujur-gaýratynyň artandygy üçin bu ýerden çuňňur hoşallyk duýgulary bilen gidýärler. Olar ilki bilen adamlar hakynda edýän aladasy, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Selbi TIMUROWA,
USSAT NEWS.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.