Habarlar

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2629/original-161d3272a408da.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, nebitgaz toplumumynyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary bilen günsaýyn ösüş-özgerişliklere beslenýän eziz Diýarymyzda geçip barýan ýylda ýetilen belent sepgitler, halkara derejesindäki iri wakalar, buýsandyryjy netijeler, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan Täze 2022-nji ýylda öňde goýlan maksatlar dogrusynda manyly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda mähriban halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň Gahryman Arkadagly zamanamyzy, eşretli durmuşy, beýik ösüşleri wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Dabaraly çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi kabul edildi.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.