Ýurdumyzda kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligi ýola goýuldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň telekeçilerini goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça toplumyň ministrlikleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Algap” hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen “Senagattehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy.
Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturasynyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.
Ýerli çig maldan kompozit gurluşyk armaturasynyň ekologiýa taýdan arassalygy, ykdysady taýdan elýeterliligi bilen tapawutlanyp, bu önümçiligiň ýola goýulmagynyň daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturasynyň möçberini azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.