Hormatly Prezidentimiziň täze goşgy nebitgazçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar
Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusynyň:
«Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!»
— diýen ilkinji setirleri bilen atlandyrylan maslahata nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň tanymal döredijilik wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Uly ruhubelentlik duýgusyna beslenip geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow we beýlekiler çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz indi uzak ýyllardan bäri Garaşsyz ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän baýramçylyklarda öz ajaýyp eserleri bilen zähmetsöýer halkymyza serpaý ýapýar. Halkymyzyň ýankitabyna öwrülýän bu düýpli işler adamlaryň göwün guşuny ganatlandyryp, ruhuny galkyndyrýar. Çuň many-mazmunly şadiwanlar diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň ruhy gymmatlygydyr. Döwrüň örän möhüm meselelerini gozgaýan eserler özüniň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň ilkinji gününde halkymyza ýetirilen milli Liderimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly täze goşgusy hem ähli watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda mähriban Watanymyzda deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy, iri taslamalar durmuşa geçirilip, milli ykdysadyýetimiz düýpli ösdi.
«Jan Watanym Türkmenistan!» goşgudaky:
Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!
Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,
Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!
— diýen dogaýy setirler agzybir, ruhubelent halkymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň, ýurdumyzda amala aşyrýan beýik maksatlarynyň has-da rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ylham joşgunynyň çeper beýany bolan täze şygyr Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan we Türkmenistany dünýä tanadýan beýik işlere, iri taslamalara, ýurdumyzyň we sebitleriň bähbidini araýan milli, döwlet maksatnamalarynyň, tutumlaryň amala aşyrylmagyna batly itergi berer, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk, Arkadagly zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemäge ýardam eder. Bu bolsa täze ýylda ata Watanymyzda ägirt uly üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün eder, netijede, milli ýörelgeleriň ösdürilmegine getirer.
Ýurdumyz ösüşleriň we özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen täze üstünliklere hem-de belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet baştutanlygynda beýleki pudaklar bilen birlikde nebitgaz toplumynda hem ýokary ösüşler gazanylýar. Türkmenistan tebigy serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şol tebigy baýlyklar Garaşsyz Türkmenistandaky özgertmeleri batly depginlerde dowam etdirmeklige, halkymyzyň abadan durmuşyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Oňa hormatly Prezidentimiziň şu ýyldaky ilkinji iş saparlaryny tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan sebitlerimizden — Mary we Lebap welaýatlaryndan başlamagy hem şaýatlyk edýär. Ýeri gelende geçen ýylyň başynda hem ýangyç-energetika toplumynyň täze desgalarynyň açylmagy bilen nebitgaz senagatynyň maksatnamalaýyn işlerine badalga berlipdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ruhlandyryjy wakalardan başlandy. Munuň özi beýleki pudaklaryň zähmet köpçüligi bilen birlikde nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň agzybir we zähmetsöýer işgärlerini guwandyrýar we buýsandyrýar.
Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda geçirilen dabaraly maslahatda şu we beýleki amala aşyrylan, alnyp barylýan iri taslamalar, ulus-ilimiziň parahat, bagtyýar durmuşy, hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň adamlara şatlyk paýlaýşy, watansöýüjilige ruhlandyryşy joşgunly beýan edildi.
Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.